Halk bähbitli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistany durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek ugrunda bu günki günde taýsyz tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gaýragoýulmasyz işler ýokary derejede durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň möhüm ykdysady görkezijileri geljekki ösüşlere badalga bolup hyzmat edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, ähli pudaklarda gazanylan oňyn ösüşleriň toplumyna giňişleýin seljerme berildi. Her bir pudakdaky bellenilen maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän işlere garaldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ägirt uly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüş gazanylyp, öňde duran maksatlara öz wagtynda amal edilýär. Bu babatda mysallara ýüzleneniňde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda öndürilen önümiň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artmagy örän guwandyryjydyr. Şu ýylyň üç aýynda pudaklardaky sazlaşykly ösüşleriň ýagdaýlaryna seredeniňde hem bölek-satuw dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpelendigini bellesek, onda içerki önümiň öndürilişiniň birsyhly artýandygy örän buýsandyryjydyr.  

                                                                   

Türkmenistan häzirki döwürde bedew bady bilen okgunly ösýän ýurt hökmünde dünýäde tanalýar. Özara bähbitli hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde daşarky söwdada öndürilýän önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artandygy bellärliklidir. Halkyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen oňyn ykdysady görkezijiler öňde duran belent sepgitlere öz wagtynda ýetmäge badalga bolýar. Kabul edilen Milli maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilmegi ähli türkmenistanlylary zähmet öndürijiligine ruhlandyrýar.  

                                                                   

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga, tebigy gazy eksport etmäge we beýleki halkara taslamalar boýunça hem işleriň has depginli alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Elektrik energiýasynyň öndürilişine we onuň daşary ýurtlara iberilmegine, benziniň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, sementiň, çörek we gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk önümleriniň, şöhlat, süýji-köke, et-süýt önümleriniň, şonuň ýaly-da nah ýüplükleriň we matalaryň öndürilişine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda önüm öndürmäge, telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde önümçilik depgini has-da ýokarlanýar, dürli görnüşli harytlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilen önümleri dünýä ýetirmäge hem mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallasy bilen ak bazarlarymyz azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edilýär. Kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna döwletimiz tarapyndan goldaw berilmeginiň netijesinde oňyn işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jebislik we döredijilikli halal zähmet eziz Diýarymyzy ösdürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikler agzybir halkymyzyň çekýän halal zähmeti bilen baglydyr. Bu asylly ýörelge uludan-kiçi hemmeler tarapyndan goldanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz diňe bir beýik ösüşleri bilen däl, eýsem, halkymyz hakyndaky aladanyň, beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasy hökmünde buýsandyryjydyr. Biz muny amal edilýän beýik işleriň anyk netijelerinden görýäris. Bu bitirilýän beýik işler bagtyýarlygymyzy aýan edip, ösüşlerden-ösüşlere, belent sepgitlere tarap öňe barýan ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimizde durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüji däplerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyň netijesinde umumadamzat bähbitli işlere giň gerim berilýär. Mähriban Diýarymyzyň şan-şöhrata beslenmegi, ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin döredijilikli zähmet çekilýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda tutanýerli işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzy uly ösüşlere beslemek asylly başlangyçlardan gözbaş alýar.  

                                                                                                           

Bagty ÖDEGULYÝEWA,

                       

«Mugallymlar gazeti».