Gymmatly kagyzlaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna serişdeleri amatly peýdalanmak, durnukly esasda uzak möhlete maýa goýumlary çekmek hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň kadalaryny özünde jemleýär. Paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiliginiň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetleri gymmatly kagyzlar babatynda ilat köpçüligine mahabatlaryny yzygiderli hödürleýärler. Sebäbi olaryň çykarýan gymmatly kagyzlaryna bolan islegiň artmagy çykarylýan gymmatly kagyzlara tölenilýän göterimleriň oňyn netijesini üpjün edýär.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Munuň özi bolsa, gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edýär we onda döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegine hem-de hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzda gazna bazarynyň herekete getirilmegi eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe wajyp gurallaryň biridir. Gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegi arkaly gelip gowuşýan şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky önümçilik serişdelerine hem-de dürli ugurly döwrebap tehnologiýalara öwrülýär. Maýa goýumlarynyň çekilmegi täze kärhanalary döretmek we kämilleşdirmek işine uly täsir edýär. Şol sebäpden, gazna biržalarynyň ösdürilmegi bazar ykdysadyýeti şertlerinde ösüşleriň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem öz işini ygtyýarnama esasynda amala aşyrýan we gymmatly kagyzlar bazarynda söwdany guraýan gazna biržasydyr.

«Halkbank», «Senagat», «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banklarynyň paýnamalarynyň «Aşgabat gazna biržasynyň» resmi sanawyna goşulmagy we birža söwdalary geçirilende, olarda agzalan banklaryň paýnamalaryny satmak-satyn almak boýunça geleşikleriň amala aşyrylmagy hem bu ugurlarda alnyp barylýan möhüm işleri şertlendirýär.

Ýurdumyzda häzirki döwürde gymmatly kagyzlar bazarynyň emissiýasy işjeň dolandyrylýar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň häzirki döwrüň maliýe bazarynyň has işjeň bölegine öwrülmegini gazanmak üçin, elbetde, bu işe gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça kämilleşdiriş okuwlarynyň guralmagy bu ugurdaky işleriň netijeliligine uly ýardam edýär. Kämilleşdiriş okuwlaryny tamamlanlara ýörite şahadatnamalar gowşurylýar.

Goý, berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40756