Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ähli sebitlerine täze janlanyşy getirdi. Şeýle sebitleriň hatarynda Köýtendag etrabynyň Garlyk we Künjek çäkleri hem bar. Birnäçe tebigy baýlyklary özünde toplap, özleşdirilmegine garaşyp ýatan bu täsin künjek ählitaraplaýyn öwrenildi. Şonda bu ýerde tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorunyň bardygy ýüze çykaryldy.
Eýsem, ýeriň aşagynda ençeme ýyllaryň dowamynda gizlenip ýatan magdanlardan nähili usulda peýdalanmaly?! Bu mesele alymlaryň gatnaşmagynda döwlet derejesinde çözüldi. Ösen dag-magdan pudakly hyzmatdaş döwletleriň tejribesi ulanylyp, sebitde kuwwatly senagat kärhanalarynyň gurluşygyna girişildi. Lebap welaýatynda ýetmezçiligi ýiti duýulýan senagat önümçiligini ýola goýmak üçin türk işewürleri bilen bilelikde her ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen kuwwatly sement zawody gysga wagtda gurlup, 2013-nji ýylyň başynda ulanmaga berildi. Şondan bäri Lebap sement zawody diýlip atlandyrylýan bu kärhana M-400, M-500 kysymly ýokary hilli sementi öndürmek bilen, ýurdumyzyň sement önümçiligine goşant goşup gelýär. Netijede, her ýylda öndürilýän sementiň möçberi üç million tonna golaýlaýar. Elbetde, bu görkeziji aňrybaş çäk däl. Ägirt uly gurluşyk meýdançasyna meňzeýän ýurdumyzda semente bolan isleg barha artýar. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda zawodyň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişildi.
Köýtendagyň magdan däl daşlary-da ymgyr baýlyk bolup, olar gurluşyk işlerinde iň köp ulanylýan serişde hasaplanýar. Şeýle önümçiligi giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň martynda Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallary kärhanasy çagyl önümlerini öndürýän kärhana bilen birleşdirilip, Köýtendag kän müdirligi döredildi. Munuň özi önümçilikde has gowy netijeleri gazanmagyna ýol açdy. Üstesine, müdirligiň Magdanly şäherindäki bölüminde dürli tejribeleri geçirmek arkaly täze-täze önümler öndürilýär. Olaryň arasynda ozal daşary ýurtlardan satyn alynýanlarynyň-da bolmagy guwandyryjydyr. Sebäbi ähli senagat kärhanalarynyň öňünde durýan esasy wezipe — daşyndan satyn alynýan önümleriň ornuny tutup biljeklerini ýurdumyzda öndürmek. Şeýlelikde, bu wezipäni gürrüňi gidýän müdirligiň Magdanly şäherindäki bölümi eýýäm üstünlikli ýerine ýetirip başlady.
Indi diwarlyk boýaglary, reňkleri, gurluşyk gipsini we üwelen kaustik dolomit ýaly önümleri daşary ýurtlardan satyn almagyň zerurlygy ýok. Çünki olaryň biri-biri bilen özara gatnaşygyny öwrenmek arkaly geçirilýän tejribeler mydama täze-täze önümleriň alynmagyna ýol açýar. Bu ýerde himiki çökdürilen meliň alynmagy-da şeýle usulyň netijesidir. Eýýäm bu önüm uly meşhurlyga eýe bolup, onuň hyrydarlary ýylsaýyn artýar. Dürli boýaglary, reňkleri, şeýle hem lukmançylyk ulgamynda, himiýa pudagynyň birnäçe önümlerini öndürmekde giňden ulanylýan bu serişdäniň her ýylda 50 — 60 tonnasy öndürilýär. Munuň geljekde has köp möçberini öndürmekden daşgary, karbonatly tokga daşy hek daşyna öwürmek üçin gerek bolýan gyzgynlygy dürli usullar bilen almak meýilleşdirilýär.
Hudaýberen ABRAÝEW.