Guwly kölüň kenarynda

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň egsilmez gorlara daýanýan himiýa senagaty geljegi uly pudaklaryň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Munuň şeýledigini «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Baýry kärhananyň iş alyp barýan önümçilik meýdançasy diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde hem duz gorunyň iň köp toplanan künjekleriniň biri hasaplanýar. Tebigy kölde senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alynýan duz gatlagynyň galyňlygy üç metre çenli ýetýär. Üstki iki metre çenli çuňlukdan gazylyp alynýan duz gatlagy ýyllaryň geçmegi bilen ýene-de tebigy ýagdaýda duz örtügi bilen örtülip, öňki katdyna gelýär. Maglumatlarda Guwly köl tebigy ýatagynyň uzynlygynyň 60 kilometre, demirgazyk tarapynyň giňliginiň 3 kilometre, günorta tarapynyň giňliginiň 5 kilometre çenli uzalyp gidýändigi, onuň duz gorlarynyň umumy möçberiniň 40 million tonnadan hem geçýändigi nygtalýar. Şonuň üçin hem kärhana dürli görnüşli duz öndürmekde dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Azyklyk nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň hem bu ýerde üstünlikli ýola goýlandygy bellenilmäge mynasypdyr.  

                                                                   

Kärhananyň hünärmenleri indi birnäçe ýyl bäri döwrebap önümhananyň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp gelýärler. Bu häzirki zaman önümçilik desgasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesindäki aladalary bilen ýurdumyzyň hususy işewürleri tarapyndan gurlup, ulanyşa tabşyryldy. Munuň özi kärhanada her ýylda nahar duzunyň 40 müň tonnasyny, gerdejik görnüşli tehniki duzuň bolsa 2 müň 500 tonna çenlisini öndürmäge zerur bolan şertleri üpjün etdi. Döwrebap önümhana baý tebigy gorlara daýanýan pudagyň çig mal hem-de önümçilik mümkinçiliklerini doly peýdalanmak bilen, içerki bazarlarymyzy ýokary hilli ýodlaşdyrylan azyklyk nahar we tehniki duz bilen ýeterlik üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň berkemeginde, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda alnyp barylýan döwletli tutumlarda bu pudagyň eýeleýän orny has-da pugtalandy. 

                                                                   

Kärhanada öndürilýän ýokary we birinji hilli ýodlaşdyrylan nahar duzy sarp edijileriň yzygiderli artýan isleginden peýdalanýar. Bu ýerde taýýarlanýan tehniki duz nebit önümleriniň düzümini ýokary hil ülňülerine laýyk arassalamakda giňden ulanylýar. Dokma pudagynda taýýarlanýan ýüplükleriň uzak wagtlap reňk öwüşginini saklamagynda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda hem tehniki duz ulanylýar. 

                                                                   

Işlemek üçin döredilýän döwrebap şert-mümkinçilikler, ýokary hilli duza durnukly artýan isleg «Guwlyduz» kärhanasynyň agzybir zähmet toparyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna laýyk zähmet çekmäge borçlandyrýar. Munuň oňyn netijeleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen döwründe ýetilen sepgitlerde aýdyň görünýär. Kärhana tarapyndan ýylyň başyndan bäri senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazylyp alnan duzuň möçberi 49 müň 185 tonna boldy. Şunlukda, meýilnama 105 göterim hötde gelindi. Umumy gaplanan azyklyk nahar duzunyň mukdary 16 müň 178 tonna ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandakydan 4 müň 428 tonna köp bolup, meýilnama 138 göterim amal edilendigini aňladýar. Çykarylan däneli duzuň möçberi 43 müň 720 tonna bolup, meýilnama 105 göterim amal edildi.  

                                                                                                           

Nurmämmet Hydyrow,

                       

«Balkan».