Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda içerki we daşarky bazarlara çykarylýan nebitdir gazdan başga-da, senagatyň köp pudaklarynyň binýady bolup hyzmat edýän beýleki tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti hem juda uludyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar hem Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen birinji ýarymynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy mukdary 49,2 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji şu ýylyň ýanwar — iýun aýlary üçin bellenilen meýilnamanyň 105 göterime barabar berjaý edilendigini aňladýar.
Ýeri gelende aýtsak, çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçýän «Guwlyduz» kärhanasynda nahar duzy ýokary hil ülňülerine laýyklykda ýodlaşdyrylýar. Ol sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji bolup ýola goýuldy. Munuň özi Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyndan, bu derwaýys işiň dünýä nusgalyk derejede ýerine ýetirilýändiginden habar berýär.
Öz işine ussat ýüzlerçe hünärmeniň öndürijilikli zähmet çekýän kärhanasynyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünliklerinde esasy orny eýeleýär. Olaryň geçen alty aýda bu mukaddes önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryga 137,7 göterim amal etmekleri-de muňa aýdyň subutnamadyr. Bu ýerde önümçiligiň ähli ugurlary babatda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüşleriň gazanylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.