Gurmak hem döretmek — ata-baba ýolumyz

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly dabaralanýar, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň parasaty bilen berkarar Diýarymyzda döwrüň beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän Arkadag şäheri döredi. Täze döwrebap şäherçeler, obalar guruldy, olaryň ýene-de onlarçasynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Döwrebap desgalaryň, iri zawodlaryň hem-de fabrikleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş toplumlarynyň we beýleki möhüm desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ýurtlary hem-de sebitleri birleşdirýän, awtomobil we demir ýollarynyň, gaz geçirijileriniň hem-de elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň iri gurluşyklarynyň gerimi dünýä ýaň salýar. 

 Ýurdumyzda bu ulgamdaky bitirilen beýik işleriň many-mazmuny, taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň gozgalanda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaplaryna ýüzlenmek aýratyn ýakymlydyr. Gahryman Arkadagymyz golaýda çap edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän energetikasy, senagaty üçin bilimiň öňdebaryjy usullary esasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döredildi. Elektrik energiýasy ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny ösdürmek üçin iň esasy binýatlaýyn zerurlyk bolup durýar. Institutyň ýaşlary bilen duşuşykda elektrik energiýasy, energetika ulgamy, onuň şu güni, geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň berdim. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür» diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynamyny ödemek üçin institutymyzda professorlardyr mugallymlaryň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tejribeleriň esasynda döwrebap bilimlere eýe bolan hünärmenleri taýýarlamak babatda möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Talyplarymyz halkara derejesinde, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän dürli bäsleşiklerde öňdebaryjy orunlary eýeleýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň öňdebaryjy enjamlary, tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze kuwwatly elektrik stansiýalary hereket edýär. 

  Marydaky Döwlet elektrik bekediniň çäginde 1574 megawatt kuwwaty bolan ýurdumyzda ilkinji garyşyk bug-gaz elektrik bekedi türkmen elektroenergetikasynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, düzüminiň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilendir. Bu ýerde ABŞ-nyň dünýä belli «General Electric» kompaniýasynyň dört gaz we iki bug turbinalary oturdylandyr. Onuň esasy aýratynlygy elektrik öndürmek üçin ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylýar.  

                                                                   

Bu ýerde suw gyzdyrylyp, buga öwrülýär. Soňra bolsa ýokary basyş bilen bug turbinasyna geçirilip, ony aýlanmaga mejbur edýär. Netijede, bug turbinasy bilen toguň generatoryny baglanyşdyrýan rotor hem aýlanýar. Şeýlelikde, elektroenergiýanyň goşmaça mukdary işlenip çykarylýar. Desgada ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanmasy üzül-kesil azalýar. Bug-gaz elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady babatda bähbitli bolman, ekologiýa babatda hem amatlydyr. Çünki ýangyjyň ýanmagyndan emele gelýän, adatça, atmosfera zyňylýan galyndylar bu ýerde goşmaça elektrik energiýasyny öndürmeklige harçlanýar. 

                                                                   

Döwrebap paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulmagy bilen, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenildi. Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy hem şolaryň iň möhümleriniň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda   Türkmenistan parahatçylykly durmuşy gurmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat, Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijileriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. Bularyň ählisi tutuş sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Türkmenistan häzirki wagtda energiýa serişdeleriniň möçberi we sebit derejeli ähmiýeti jähetden dünýäde giňden tanalýar. Türkmen energetika senagatynyň durnukly we ýokary depginlerde ösdürilmegi elektrik energiýasynyň eksportyny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçilik pudagynyň batly depginler bilen döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda strategik pudaklaryň, şol sanda energetika senagatynyň durnukly ösüşleri üpjün edildi. Çünki her bir edaradyr kärhananyň, önümçilik desgasynyň işiniň öňe ilerlemeginiň gönüden göni elektrik energiýa ulgamy bilen bagly bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Berkarar Diýarymyzda dünýäde iň öňdebaryjy tilsimatlar, tehniki enjamlar bilen üpjün edilen täze elektrik beketleriniň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, döwrebap transformator podstansiýalarynyň, paýlaýyş ulgamlary toplumlarynyň gurulmagy bu ugurdaky birnäçe wajyp wezipeleriň netijeli çözgüdini hem şertlendirdi. Milli ykdysadyýetiň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň gerimli mümkinçilikleri döretdi.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen dörän, türkmen döwletiniň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan, jahana ýaň salýan Arkadag şäheri bu gün elektrik energetikasynyň «akylly» tilsimatlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny, eşretini äleme äşgär edýär. Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda «akylly» tehnologiýalar esasynda umumy gözegçilik ulgamy gurulýar, onuň kömegi bilen her bir ýaşaýjy öýüniň ýagdaýyna gözegçilik edip bilýär. Bu ulgam energiýa serişdelerine gözegçiligiň we dolandyryşyň awtomatik ulgamynyň (ESGDAU) hasaplaýjylaryny, metanyň syzyşynyň, suwuň syzyşynyň enjamyny, gaz we suw ýapýan nurbatlary, sazlaýjylary öz içine alýar. «Akylly öý» maksatnama üpjünçiligi energiýanyň sarp edilişine gözegçilik etmäge we heläkçilik barada habarnamany almaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Arkadagenergo» önümçilik birleşigi korporasiýanyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Arkadag şäheri bölümi üçin ähli şertler döredilen täze edara binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Arkadag şäherinde ähli binalarda «akylly» elektrik hasaplaýjy enjamlar gurnalan. Bu elektrik hasaplaýjylar elektrik energiýasynyň mukdaryny ölçemek we kesgitlemek, ölçeg netijelerini ýygnamak, saklamak, gaýtadan işlemek we geçirmek, öndürilen we sarp edilen elektrik energiýanyň möçberi barada maglumatlary emele getirmek ýaly amallary takyk ýerine ýetirýär. Şäheriň yşyklandyryjylarynyň, LED ýazgylarynyň, salgy ýazgylarynyň ýagtylygy, şuglalylygy, täsinligi köpleri haýran galdyrýar. Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, türkmen ykdysadyýetiniň batly gadamlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr. 

                                                                   

Goý, berkarar Diýarymyzy kuwwatly elektroenergetika ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Serdar NAZAROW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürdi, dünýä tanatdy. Şunda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň zerurlygyny talap edýändigini nazarda tutup, Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen bu ugurda geçen sanlyja ýylyň içinde toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen taryhy duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz duşuşykda eden çuň mazmunly çykyşynda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kemala gelmeginiň taryhy, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan beýik işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.