Gurmak döwletlilikden nyşan

Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty, geljege gönükdirilen işleriň ynandyryjylykly nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöretmek bilen, ýurdumyzy uly gurluşyk meýdançasyna öwürdi. Türkmen topragy şeýle giň gerimli gurluşyk-gurnama işlerini hiç haçan gören däldir.

Bagtyýarlygyň nyşany bolan kaşaň binalar, giň we ýagty ýollar, ajaýyp seýilgähler obadyr şäherlerimize gelşik berýär. Munuň şeýledigi Lebap topragynyň täze keşbiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Bu il-ýurt bähbitli işler häzirki günlerde hem ýokary depginde, guramaçylykly dowam edýär. Baş baýramyň ― Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynyň geçen aýlarynda bu babatda bitirilen işler, gazanylan netijeler hakynda söhbet açmak örän ýakymlydyr.

Gahryman Prezidentimiz welaýatymyzda senagat, medeni-durmuş maksatly binalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmegi barada uly aladalary edýär. Hut üstümizdäki ýylyň geçen döwründe hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparlarynyň ikisini amala aşyryp, olaryň çäginde möhüm desgalaryň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegine ak pata berdi. Olaryň arasynda Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga, Kerkiniň halkara howa menzili, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasy bar. Olar ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini üpjün etmekde, ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmakda ähmiýetli boldy.

Dünýäde gurýan döwlet gurply hasaplanylýar. Gurmak üçin uly möçberde maliýe serişdeleri, çig mallar, gurluşyk önümleri, dürli kysymly, kuwwatly gurluşyk tehnikalary we gurallary, şeýle-de adam güýji zerur bolup durýar. Şu sanawda görkezilenleriň ýurdumyzda ýeterlik möçberlerde bolmagy, esasan bolsa, gurmaga, döretmäge berk erk-islegiň bolmagy şeýle tutumly işleriň barha rowaç almagyny şertlendirýär.

Şu ýylyň geçen döwründe ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine welaýat boýunça gönükdirilen düýpli maýa goýum serişdeleri 831,1 million manada barabar boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende bu görkezijiniň 127,9 göterim artandygyna şaýatlyk edýär. Olardan 551,3 million manady, ýagny, maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 66,3 göterimi önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly desgalarda özleşdirilen döwletiň maýa goýum serişdeleri 280 million manada golaý boldy we maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 33,7 göterimine barabar boldy. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden artyk boldy.

Welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmäge gönükdirilen maýa goýum serişdeleri hasabat döwründe 86,8 million manada barabar bolup, ýyllyk meýilnama 112,4 göterim berjaý edildi. Şonuň netijesinde ilatyň abadan ýaşamagyna ýardam berjek binalaryň birnäçesi, ýaşaýyş jaýlarynyň köpsanlysy ulanylmaga berildi. Geçen alty aýda welaýatymyz boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäginde ýaşaýyş jaýlarynyň 41,6 müň inedördül metri ulanylmaga berildi. Şeýle-de ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmekde oňyn netijeler gazanyldy. Şunuň ýaly möhüm işlere ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň welaýatymyzyň çäginde hereket edýän gurluşyk guramalarynyň işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olar tarapyndan häzirki wagtda hem dürli desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli alnyp barylýar. Olaryň arasynda ýangyç-energetika toplumynyň desgasy, bilim ojaklary bilen birlikde köpsanly ýaşaýyş jaýlary hem bar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwletiň düýpli maýa goýumlary bilen birlikde ilatyň serişdeleri hem giňden çekilýär. Ýurdumyz, şeýle-de raýatlar üçin bähbitli möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär. Diýmek, şanly baýramyň öň ýanynda biz ýene-de uly şatlyk-şagalaňa, egsilmez ruhubelentlige beslenen dabaraly açylyşlaryň birnäçesiniň şaýatlary bolarys.

Hawa, gurýan döwlet gurpludyr, kuwwatlydyr. Şeýle döwletde ýaşamak bolsa bagtdyr.

Mämmet GYLYJOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35564