Gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan beýik ösüşleriň kämil nusgasyny äleme äşgär edip, bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň, ägirt uly desgalaryň düýbi tutulýar, täze senagat kärhanalarydyr ýaşaýyş toplumlary, saglygy goraýyş desgalary gurulýar, olaryň ählisi iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilýär. Täze gurlup ulanmaga berilýän möhüm ähmiýetli desgalar bolsa ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. 

                                                                   

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bular babatda aýratyn gürrüň edildi. Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy. Ýylyň başyndan bäri dört aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 108,1 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 116,3  göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Diýarymyzda gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, täze şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde üstünlikli amala aşyrylýan beýik işleriň ähmiýeti mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, eziz Diýarymyzyň durnukly ösüşlerinde aýdyň duýulýar.  

                                                                   

Gurluşygyna badalga berlen desgalar hakynda gürrüň edilende Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň düýbüniň tutulandygyny ýatlamak has-da buýsançlydyr. Bu binalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda gurluşygyna badalga berlen ilkinji desgalardyr. Geçen sanlyja ýyllarda ýurdumyzda döwrebap awtomenziller, demir ýol we awtomobil köprüleri, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Halkara awtoulag terminaly guruldy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana, Daşoguz şäherinde bolsa köpugurly we onkologiýa hassahanalary dabaraly ýagdaýda açyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda iri gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli alnyp barylmagy mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Häzirki wagtda täzeçilligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän Arkadag şäheriniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Arkadag şäheri diňe bir eziz Diýarymyzda däl, eýsem, tutuş sebitde «akylly» şäher konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji iri şäher taslamasy bolup durýar. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlygynda bu gün Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň Watanyň beýik ösüşlerine bolan tükeniksiz yhlasy bilen türkmen döwletinde ikinji müňýyllygyň başlangyjynda dünýäni haýrana goýýan, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýan uly şäher döreýär. 

                                                                   

Şu ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şäherine gelip görmek we oňa baha bermek boýunça tehniki missiýasynyň agzalary «akylly şäher» konsepsiýasyna, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan we şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekosistemanyň döredilýändigini hem kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

Türkmen tebigatynyň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Arkadag şäherinde aýry-aýry desgalara görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bolsa ildeşlerimizde aýratyn hoşallyk duýgularyny döretdi. Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň, meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu ugurda hereket edýän bilim edaralarynyň sanyny artdyrmak bilen, okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýetini kämilleşdirmekde, mazmunyny baýlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, dostlukly dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini, ruhy gymmatlyklaryny, belent maksatlaryny, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunyň aýdyň netijelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Bilim ulgamynda okatmagyň täze gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaş nesliň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da ýokarlandyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işi kämilleşdirilýär. Şäherdir obalarymyzy gurşap alýan täze bilim edaralary gurulýar. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäde ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdy, jemgyýeti üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde äkidiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki täze gurulýan ýaşaýyş toplumlary olaryň çäklerinde gurulýan işewürlik merkezleri, saglygy goraýyş öýleri, çagalar baglary, kitaphanalar, mekdepler, medeni ojaklar, bularyň ählisiniň iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi beýik ösüşlerimiziň dowamat dowam bolmagynda, ýaş nesilleriň hünär ugurlarynda kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Goý, berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli amala aşyrýan belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Parahat ORAZOW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.