Häzirki wagtda welaýatyň dürli künjeklerinde bina edilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň Gurluşyk önümleri kärhanasynda öndürilýän keramzit, bişen kerpiç, beton gurnawlary hem-de beýleki ýerli önümler ulanylýar. Munuň özi gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna, goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň tygşytlanylmagyna, iň esasysy-da, işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen talaplaryna laýyk guralmagy, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň işe başlamagy netijesinde, kärhananyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy. Gurluşyk önümleri kärhanasy boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda 1,5 müň kub metr beton gurnawlary, 200 müňden gowrak bişen kerpiç, 600 kub metre golaý keramzit taýýarlanyp, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy. Kärhananyň degişli döwrüň içinde öz güýjüne ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleri pul mukdarynda ýarym million manatlyga golaý bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarlanandygyny duýmak bolýar.
Amanmyrat SAPAROW.