Gurluşyk we senagat toplumynyň işini kämilleşdirmek möhüm döwlet wezipesidir

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmik ýagdaýynyň nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini yzygiderli ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Iş maslahatynda energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de elektrik energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribeleri nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek hem-de düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we rektora birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady.

Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20113