Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýurdumyzda GS1 ulgamynyň işini dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan ýeke-täk gurama bolup, häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 1741-e ýetdi. Bu gurama Halkara GS1 guramasynyň talaplaryny üstünlikli ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde halkara derejede ykrar edildi. Ol 111 döwletiň GS1 milli guramalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen, Halkara GS1 guramasynyň agzasy boldy hem-de «GS1 Türkmenistan» brendine ygtyýarlyk aldy. «GS1 Türkmenistan» guramasy GS1 ulgamynda innowasiýa taýdan öňdebaryjy milli agza hökmünde ykrar edilip, GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşiginiň Portugaliýada geçirilen Global forumynda Ýewropanyň milli guramalarynyň 47-siniň biragyzdan ses bermegi bilen, öňdebaryjy GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşigine berkidildi.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň ýakynda bolup geçen umumy ýygnagynda bu hakda uly buýsanç bilen aýdyldy. Çykyş edenler häzirki wagtda öz önümlerini daşarky bazarlara çykarýan ýerli önüm öndürijileriň sanynyň barha artdyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagynda bu guramanyň mynasyp goşandyny bellediler. Ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we öňde goýlan wezipeler barada «GS1 Türkmenistan» guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa şeýle gürrüň berdi:
— Milli guramamyz döredilen gününden bäri ýurdumyzyň kärhanalarynyň we telekeçileriň önümlerine çyzykly şertli belgileri paýlamak bilen, öndürijiden sarp edijä barýança, harytlaryň hasabatyny ýöretmäge we haryt dolanyşygynyň ýoluny yzarlamaga, wagtyny tygşytlamaga, alyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, sarp edijileriň islegleriniň artýan döwründe olara hödürlenýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we içerki söwda ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda öňdebaryjy halkara tejribelerden ugur alyp işleýäris. Öz önümlerini Russiýa, Ukraina, Belarus, Türkiýe, Belgiýa, Hytaý ýaly döwletlere eksport edýän Milli guramanyň agzalaryndan ýurdumyzyň Dokma ministrliginiň kärhanalaryny, «Bereket», «Hasar», «Ak gap» hojalyk jemgyýetlerini, «Parahat», «Täç hil» hususy, «Täze aý» konditer önümleri kärhanalaryny görkezmek bolar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler milli guramanyň işinde-de giňden öz beýanyny tapýar. Halkyň çyzykly şertli belgiler we awtomatlaşdyrylan anyklaýyş barada maglumat almaga isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly okuw-tanyşdyryş işlerini yzygiderli geçirýäris. Önüm öndürijileri, sarp edijileri we söwda nokatlaryny birikdirýän web sahypamyz arkaly olar özüni gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumatlary alýar. Web sahypada agzalarymyz öz şahsy otagyny açyp, onda çyzykly şertli, global anyklaýyş belgilerini, harytlaryny, önümlerini hasaba goýup, üýtgedip, täze çyzykly şertli belgileri döredip bilýärler.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda GTIN ( Global söwda haryt belgisi) ştrih-kodunyň döredilmegine 50 ýyl doldy. 1971-nji ýylyň 31-nji martynda häzirki zaman ykdysadyýetinde täze, döwrebap ulgam döredildi diýsek hem bolar. Ol harytlaryň dünýä boýunça sazlaşykly söwdalaşylmagyna ýardam berip gelýär. Türkmenistanda GTIN ştrih-kodlaryň 50070 sanysy türkmen haryt öndürijileri üçin döredilip berildi. Munuň özi bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda harytlaryň 50 müňden gowrak görnüşiniň öndürilýändigini aňladýar.
Milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny barha belende galdyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak ugrunda mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly bararys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26601