Gözýetimde — ösüşiň şanly menzilleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklamak baradaky Karar hem bar. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen ýakyn ýyllarda köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Hökümetiň mejlislerinde, döwlet Baştutanymyzyň geçiren maslahatlarynda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň üstünde düýpli işlenildi. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Ösüşiň innowasion nusgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň bellän ugurlary, beren görkezmeleridir tabşyryklary ýakyn ýedi ýyl üçin anyk çäreleriň toplumlaýyn hem-de sazlaşykly maksatnamasyny düzmekde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri üçin ugur görkeziji bolup hyzmat eder. 

                                                                   

Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2028-nji ýyla çenli döwürde 6,7 göterimden pes bolmadyk derejesini gazanmak göz öňünde tutulýar. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu görkezijini döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň işini mundan beýläk-de giňeltmek arkaly gazanmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek hem-de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak Maksatnamanyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şu maksat bilen 2022 — 2028-nji ýyllarda önümçilik we durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň 500-den gowragyny gurmak bellenilendir. Maksatnama laýyklykda, öňümizdäki ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga we durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,1 mlrd. manatdan gowrak maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Transmilli gaz taslamalarynyň örän uly geljegi bar. Mysal hökmünde aýtsak, energiýa akymlarynyň täze strategik ugurlaryny açmak, Hindistan we Pakistan ýaly iri, depginli ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetini ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek arkaly Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki, Ýakyn hem-de Orta Gündogardaky beýleki ösýän bazarlara çykmak maksat edinilýär. 

                                                                   

Elektrik energiýasynyň önümçiligini, gazyň çykarylyşyny, benziniň öndürilişini, polietileniň, polipropileniň önümçiligini artdyrmak, tebigy gazy has çuňňur we giňişleýin gaýtadan işlemek, umuman, nebit, dokma, himiýa senagatlarynda önümçilige gönükdirilen innowasion taslamalary we ulag-düzüm desgalaryny gurmak ýakyn döwür üçin esasy wezipeler hasaplanýar. 

                                                                   

Türkmenistan öz ösüşinde diňe senagat pudagynda, ulag-logistika düzümlerinde döwrebap ulgamy kemala getirmek bilen çäklenmeýär, oba hojalygy we azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagy hem maksat edinýär.  

                                                                   

Ýakyn ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň senagatynyň innowasion häsiýetde ösdürilmegi, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşiniň ýokarlandyrylmagy senagatyň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirer, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwaty artdyrar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hojalygy ýöretmegiň döwrebap, netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň geoykdysady ýagdaýlaryny, heniz ulanylmadyk mümkinçiliklerini hem-de artykmaçlyklaryny herekete girizmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň, ykdysady geçelgeleriň daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistik düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi gürrüňsizdir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegine güýçli depgin beren iri ylmy taslamalar amala aşyrylýar. Ylmyň we tehnikanyň artykmaçlyklary diňe ykdysadyýetdäki oňyn netijesi bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna hem oňyn täsir edýär. Şunuň bilen birlikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatda türkmen döwleti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli berjaý edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion ösüşleriň, öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirer. 

                                                                                                           

Serdar ARAZOW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.