Gözelligiň göwher gaşy

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly tutumlar hem-de dabaralar bilen toýlaýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binagärlik sungat eseri bolan merjen paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurt möçberinde şanly sene mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen binalar toý şatlygyny goşalandyrdy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda gojaman Köpetdagyň eteginde Döwlet münberi toplumynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda «Laçyn» seýilgähiniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumynyň açylyş dabarasyny synlap, eziz Watanymyzyň ösüşlerine, baş şäherimiz Aşgabadyň has-da gözel görke gelşine buýsandyk. Şeýle dabaraly çärelere hormatly Prezidentimiziň halk köpçüligi bilen birlikde gatnaşmagy il-ýurt bilen bir jan, bir tendigini görkezýän ajaýyp pursatlardyr.

Merjen paýtagtymyzyň adyny göterýän döwrebap toplum binagärlikde özboluşlylygy, owadanlygy, bezemenligi arkaly Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe bolan Aşgabadyň gözelliginiň üstüni ýetirip, ajaýyp sazlaşygy bilen göwnüňi göterip, Arkadag Prezidentimize bolan buýsanjyňy goşalandyrýar. Dabara mynasybetli howa şarlary, dürli reňkli toý baglary bilen bezelen döwrebap desganyň Garaşsyzlyk toýunda ilkinji myhmanlaryny garşylamagynda uly many bar. «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, eşretli döwrany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlan bu ajaýyp desga Garaşsyzlygymyzyň şanly toýundan gözbaş alyp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň aýratyn höwes bilen barýan ýerine öwrüldi.

Milli binagärligiň ajaýyp däplerini we häzirki zaman şähergurluşygynyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän, ertekilerdäki köşgi-eýwanlary ýada salýan bu desganyň eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýunyň dabaralara beslenen şanly 30 ýyllygyna gabatlap ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren mähriban Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlap barýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň baş maksadynyň türkmenistanlylaryň oňat ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin iň gowy şertleri döretmäge gönükdirilendigini hem bellemek gerek.

Düzüminde Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerini, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny jemleýän toplumyň «Aşgabat» adyna mynasyp bolmagynda uly many bar. Şu ýyl türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem dabara bilen bellenildi, merjen paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Bu oňyn özgerişler ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmegiň ýoly bilen alyp barmagy netijesinde mümkin boldy. Bu gün Aşgabat Aziýanyň iň bir döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň hatarynda mynasyp ornuny eýeledi.

Milli Liderimiziň ilhalar başlangyjy bilen bina edilen desga özüniň binagärlik aýratynlygy bilen türkmen paýtagtynyň gözel ýerleriniň birine öwrüldi. Toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlaryň şowhuny astynda döwlet Baştutanymyzyň toý bagyny kesip, söwda-dynç alyş merkezini açyp ulanmaga bermegi, ýörite enjamdaky düwmäni basyp, interaktiw ulgamy işe girizmegi bilen, yşygyň, sazyň owazy astynda täsin gözellikleri synlamak aýratyn buýsançly boldy. Häzirki eýýamy wasp edýän şygarlaryň hem-de milli Liderimize bagtly durmuş üçin hoşallyk sözleriniň şöhlelenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Sekiz gektar meýdany eýeleýän täze desganyň düzüminde 4 gatly söwda-dynç alyş, 6 gatly işewürlik merkeziniň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, şeýle-de, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly binanyň bolmagy ýurdumyzda baş maksadyň halkyň amatly ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen aýmançalar, oturgyçlar we çyralar göwün guşuňy belende göterýär.

Girelgesi we çykalgasy bolan, estakada görnüşinde gurlan ýol türkmen paýtagtynyň täze keşbini has-da gözelleşdirdi.

Ýaşaýyş toplumynyň 11 gatly iki, 14 gatly iki hem-de 17 gatly bir binadan ybarat bolmagy bu toplumyň özboluşly binagärligini üpjün edýär. 124 öýli döwrebap jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Şolarda giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar, awtoulaglar üçin ýerasty duralgalar göz öňüne tutulan. Toplumda açyk howada oýnamak üçin degişli enjamlar bilen üpjün edilen çagalar meýdançasynyň, işjeň dynç almagy halaýanlara niýetlenen sport meýdançalarynyň, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin binanyň bolmagy paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumynyň özboluşly, häsiýetli aýratynlygydyr.

Amatly ýaşaýşy, işewürligi, söwdany, dynç alşy utgaşdyrmaga ýardam edýän Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan täze binalar toplumy, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan köpsanly durmuş maksatly desgalar halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň şaýadydyr.

Goý, eziz Diýarymyzy ösüşleriň we özgerişleriň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza döwletli tutumlarynda rowaçlyklar ýar bolsun!

Imran Eýýup ogly, GASANOW,

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň ýaşaýjysy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47929