Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallasy hem yhlasy bilen Aşgabat dünýäde gözelligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Ynha, 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň, onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy muny nobatdaky gezek tassyklady.
«Laçyn» iň bir gelim-gidimli seýilgähe öwrüler
Milli Liderimiz, ilki bilen, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu köçeleriň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan we gurluşygy meýilleşdirilen binalaryň şekil taslamasy, hususan-da, «Garagum» işewürlik merkezli myhmanhananyň, seýilgähiň, Söwda-dynç alyş merkeziniň, ýerasty geçelgeleriň taslamalary hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi seýilgähiň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwrebap seýilgähiň ýer böleginiň umumy meýdany 9,75 gektara barabardyr. Onuň uzynlygy 320 metr, ini bolsa 310 metre deňdir. Seýilgähde suw çüwdürimleriniň 9-sy, şol sanda merkezde 1 uly we 8 sany kiçi suw çüwdürimler bu ýere gelýänleriň göwnüni joşdurar. Şeýle hem bu ýerde suw howdanlarynyň 3-sini gurmak meýilleşdirildi. Taslama laýyklykda, gurluşygy alnyp barylýan ýerasty geçelgeler bolsa pyýadalaryň howpsuzlygy üçin niýetlenendir. Geçelgeleriň jemi 4-si bolup, uzynlygy 25,1 metre, ini 8,1 metre we beýikligi 4,8 metre deňdir. Ýoluň uzynlygy 704 metre barabar bolup, ini 18 metrdir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, taslamalara käbir belliklerini hem-de düzedişlerini girizdi. Täze seýilgäh paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidip, şol ýerde ýaşaýan raýatlarymyzyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler. Şeýle hem milli Liderimiz ýerasty geçelgäniň çyzgylary bilen tanşyp, seýilgähi «Laçyn» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.
Alyjylar, dynç almaga geljekler üçin ähli amatly şertler dörediler
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy gurluşygy alnyp barylýan Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkeziň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 8,92 gektara barabar bolup, binalaryň gurluşyk meýdany hem-de abadanlaşdyrylýan ýerleriň jemi meýdany, degişlilikde, 28 müň 331,6 inedördül metre we 60 müň 888,4 inedördül metre barabardyr. Binanyň beýikligi 40 metre deňdir. Bu ýerde meýilleşdirilen köp gatly awtoduralganyň meýdany 54 müň 381,67 inedördül metrdir. Hormatly Prezidentimiz Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygynda hil babatda halkara ölçeglere bildirilýän ähli talaplaryň ýerine ýetirilmelidigini, alyjylar hem-de dynç almaga geljekler üçin hemme amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
«Garagum» myhmansöýerlik däplerimiziň aýdyň nyşany bolar
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasyny synlady. 6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhananyň binasynda, taslama laýyklykda, kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, suite, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, suwda ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürlik merkezinde duşuşyklary geçirmek üçin oňaýly şertler dörediler.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň otaglarynyň birine baryp gördi. Senagat we gurluşyk toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer myhmanlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. «Garagum» myhmanhanasy, onuň bezeg aýratynlyklary, şol sanda penjireleriniň altynsow reňkleri onuň adyna kybap gelýär. Bu myhmanhana türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany bolmalydyr. Şoňa görä, milli Liderimiz degişli desgalaryň daşky we içki bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlara mähriban halkymyzyň baý we özboluşly däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döreder.
Ýokary tizlikli awtoban söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňelder
Aşgabat boýunça iş saparyny dowam edip, döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluna tarap ugrady. Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri «Nusaý ýollary», «Hyzmat merkezi» hususy kärhanalary, «Edermen», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň birinji bölegini — Aşgabat — Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji — Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy milli Liderimizi Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz taslama käbir düzedişleri girizdi, halkara ölçeglere kybap gurulýan bu ýoluň hyzmatyndan peýdalanjak sürüjileriň töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde, töleglerini kart we çip bilen amala aşyrmalydyklaryny, daşary ýurtlardan gelip-geçýän sürüjileriň bolsa daşary ýurt walýutasynda hasaplaşmalydyklaryny tabşyrdy. Şeýle hem iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, telekeçileriň öz ulag parkyny döretmek barada tabşyryk berdi.
Täze jaýlar toý sowgady bolar
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýdyp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Alnyp barylýan şu işlerde esasy ugruň geljegi nazarlap, yhlasly, ygtybarly we owadan gurup, adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek nygtap, hormatly Prezidentimiz ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.
"Nesil".