Hormatly Prezidentimiziň: «Taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär» diýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Taryhy wakalara şaýat bolup ýaşamak ömrüňi uzaldýar. Onda-da, dürli maksatly beýik ymaratlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüniň tutulyş ýa-da açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň ynsanlara edýän ýakymly täsiriniň näderejede belentdigi hemmelere mälimdir. Täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren döwletimizde açylyp ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýyl-ýyldan hatar gurap, çägini giňeldýän owadan binalar milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýär.
Milli Liderimiz her bir geçirýän iş maslahatlarynda il-ýurt bähbitli işlere badalga berýär. Şeýlelikde, beýik-beýik binalar oba-kentlerimizi gurşap alyp, hatar guraýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşmak üçin golaýda, has takygy 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrmagy we gurluşygy alnyp barylýan hem-de täze gurulmaly binalar boýunça degişli tabşyryklaryny bermegi hem aýdyň subutnamadyr.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza iş saparynyň barşynda täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, ýurdumyzyň baş şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ulag ýollarynyň, ugurdaş desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezeg aýratynlyklary, ýagny Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň taslamalary, şol sanda “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary, binanyň baş meýilnamasy, Aşgabat şäheriniň çäginde beýleki gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň, olaryň bezegleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutulyp, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine hem badalga berildi. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu ägirt uly toplumy «şäher içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.
Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köpsanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Şeýle hem, bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, iki sany söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulandyr.
Täze dörediljek şäherçede hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berlendigini hem belläp geçmek zerurdyr. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny köpgatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilendir. Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň, ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulandyr.
Paýtagtymyzyň täze desgalary, ýaşaýyş jaý we beýleki binagärlik toplumlary şäheriň ajaýyp tebigaty bilen oňyn sazlaşygy emele getirýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabady bu gün görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen gün-günden gözelleşýän Aşgabadymyzy näçe taryplasaň-da az. Ak şäherimiz Aşgabadyň milli öwüşginli ajaýyp keşbinde ýurdumyzyň okgunly ösüşi öz beýanyny tapýar.
Goý, Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan, beýik işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.