Gözel ymaratlar gurulýar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan binalaryň sany yzygiderli artýar. Bu asylly işe türkmen işewürleri-de mynasyp goşant goşýarlar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gün-günden gülläp ösýän Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, şäherçeleridir oba-kentlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny ýokary depginler bilen alyp barýarlar. 

                                                                   

«Kerwenli dowamat» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda täze binany ulanyşa berdiler. 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýy gapylaryny giňden açdy. Otaglaryň açaryny alan ýaşaýjylar ýagşy niýetler bilen bosagadan ätläp, toý saçagyny giňden ýazdylar. Otaglarda ähli amatlyklar döredilen. Bu ýaşaýyş jaýy şäheriň binagärlik keşbine özboluşly gözellik berýär. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Toplumyň çägindäki orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, söwda nokatlary, bazar ýaşaýjylaryň hyzmatynda. Ulag-aragatnaşyk hyzmatlary-da kadaly ýola goýlan. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň birinji ýarymynda «Ylham bina» hojalyk jemgyýeti hem Büzmeýin etrabynda 1 sany dört gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýyny, şeýle hem «Arslan» hususy kärhanasy şu etrapda 2 sany, her biri 28 öýli ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdiler. Türkmen işewürleriniň öndürýän mebelleri otaglara bezeg berýär. Umuman, otaglarda ýaşaýjylar üçin ähli şertler döredilen. 

                                                                   

Ussat binagärler Ahal welaýatynda hem 3 sany 2 gatly, her biri 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdiler. Bu jaýlary «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Bu hususy kärhananyň Ak bugdaý etrabynda atçylyk toplumyny gurup ulanmaga berendigini hem bellemek gerek. 

                                                                   

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeginde saglyk öýleridir merkezleri, dermanhanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Olara täze tehnologiýalar, ylmyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Bular halkymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagy barada edilýän aladalardan nyşandyr. Golaýda Mary şäherinde täze dermanhana müşderilere hyzmat edip başlady. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan bu binany «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Dermanhana birnäçe bölümden ybarat bolup, olara döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr we sanly ulgama birikdirilendir. «Tebigat çeşmesiniň» gurluşykçylary Kerki şäherinde-de täze dermanhanany işe girizdiler. 

                                                                   

«Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy Dänew etrabynda çagalar dynç alyş merkezini gurup, körpeleri begendirdi. Häzir bu merkezde ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri medeniýetli dynç alýar, saglygyny berkidýär. 

                                                                   

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň telekeçilere bildirýän ynamy we berýän goldawy olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Türkmen işewürleri görenleri haýran galdyrýan gözel ymaratlary gurýarlar. Olar medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagyna önjeýli goşant goşýarlar. 

                                                                                                           

Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».