Gözel görkli diýarym!

Günsaýyn özgerýän ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da görklenip, dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Şu maksada ýetmek üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, her güni täzeliklere beslenýän Diýarymyzda olar anyk netijesini berýär. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu bolsa adamlaryň amatly, hil taýdan ýokary bolan ýaşaýyş jaýlaryny şahsy isleglerine görä saýlap almak şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň 25-ine ak pata bermeginde gurluşygyna başlanan «Şäher içindäki şäher» ýörelgesi boýunça taslamasy taýýarlanan «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Köpugurly toplumy özünde jemleýän «Aşgabat-sitiniň» çäginde dünýäniň şähergurluşyk, binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütlerinden ybarat bolan iň täze hem-de öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapar. «Şäher içindäki şäheriň» çäklerinde iň ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekki şäheriň ak mermere beslenen paýtagtymyzyň dünýäniň gözel we şol bir wagtda ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwrülmegi bilen bir hatarda, Watanymyzyň okgunly ösüşini we ägirt uly döredijilik kuwwatyny hem alamatlandyrar.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň şekil taslamalary, Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň netijesinde, tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze Halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynyň hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýynyň, Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi, örän buýsandyryjy wakalardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly pelsepewi eserinde baý taryhy geçmişimizdäki ady dillere dessan bolan şöhratly şäherlerimiziň hatarynda buýsanç bilen atlandyrylýan Kerkiniň durmuşynda bu gün — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymy hem müdimi şäher ýurdumyz üçin hem, dünýä üçin hem hyzmatdaşlygyň, ösüşiň möhüm merkezine öwrülýär.

Tutumy uludan belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramly ajaýyp ýylynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabatda täze binanyň — 14 gatly kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzda şeýle ajaýyp binanyň açylmagynyň özi Aziýanyň merjeni hökmündäki ykrarnamany ýene bir ýola subut edýär. «Arkadag» myhmanhanasy ýurdumyzyň, ylaýta-da, paýtagtymyzyň häzirki zaman şäher binagärlik keşbi bilen örän sazlaşykly myhmanhana toplumy bolmak bilen bir hatarda, döwletimiziň, ady uzaklardan ýaňlanýan merjen şäher Aşgabadymyzyň syýasy, diplomatik, ykdysady, medeni işewürlik merkezi hökmünde halkara derejesinde äşgärligini ykrar edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda açylan binalar hem kalbymyzy buýsançdan doldurdy.

Türkmenistany dünýä ösüşiniň täzeden-täze belentliklerine atarýan, her ädimi bilen döwletimizi ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň halkymyz, Watanymyz üçin edýän atalyk aladalarynyň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris!

Baýmyrat MUSAÝEW,

«Esger».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37768