Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklar we milli innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk syýasaty barha rowaçlanýar hem-de soňky günlerde has-da işjeňleşen daşary syýasat üstünliklerinde öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabr aýynyň 14-inde Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagyna üns berip, biziň ýurtlarymyzyň tehniki-tehnologik bähbitleriniň we maksatlarynyň üpjün edilmegine hem-de durmuşa geçirilmegine esas bolýan innowasiýalardyr täze tehnologiýalar ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi. Bu ýerde garalan soraglar we öňe sürlen teklipler diňe bir biziň ýurdumyz däl, eýsem, bütin sebit üçin örän ähmiýetli çözgütler bilen baglydyr. Şu çözgütleriň derwaýyslygy biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bu ugurda uly mümkinçilikleriniň, ýagny innowasion ösüşiň uly kuwwatynyň, ösen ylmy mekdepleriň we tehnologik tejribäniň barlygy bilen kesgitlenýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýerde bar bolan artykmaçlyklary birleşdirmegiň, tejribe-bilimleri alyşmagy ýola goýmagyň, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, innowasion bilimleri ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň wajyplygyny hem bu wezipeleri bilelikde ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňe sürlen meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň gerekdigini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmegi teklip edip: «Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar babatda birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkezi wezipeleri öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bolardy» diýip, innowasiýalar meselesiniň biziň ýurtlarymyz üçin ähmiýetiniň uludygyny tassyklap, olaryň döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň talaplary bilen kesgitlenýändigini belledi. Türkmenistan döwletiniň Baştutanynyň öňe süren meseleleri häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe sebit ýurtlary we biziň ýurdumyz üçin hem ähmiýetlidir. Şu ýerde bar bolan mümkinçilikleri işjeňleşdirmek döwrüň talaby bolýar.
Bitarap Türkmenistan adamzat ähmiýetli halkara meseleleriň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli çözgütlerini işläp düzmäge gatnaşýar. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Demirgazyk we Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem gatnaşýar. Ýakyn onýyllyklarda biziň ýurdumyz Ýewropada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler». Şu nukdaýnazardan, milli ykdysadyýetimiziň innowasion häsiýete eýe bolmagy üçin Ýewropa ýurtlary, bu ýerdäki dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk innowasion ösüşiň wajyp şertidir.
Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda GFR-iň paýtagty Berlin şäherinde geçen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» forumy ähmiýetli boldy. GFR-iň Baştutany Frank Walter Ştaýnmaýer şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň dünýä işlerine üstünlikli goşulyşmagy babatda netijeli ulanylyp bilinjekdigine ünsi çekdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen bilelikde bu foruma gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eden çykyşynda Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyçlaryny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belläp, energetika meseleleriniň üstünde giňişleýin durup geçdi. Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Häzirki wagtda ekologiýa taýdan arassa uglerod düzüminiň çäkli bolandygy sebäpli, bu ýangyja dünýäde islegiň örän uludygy, şonuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça türkmen tebigy gazyny ibermek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglanyşykly meseleler soňra «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz bu duşuşykda eden çykyşynda Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini we şeýle bolmagynda galýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de iri halkara kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys diýip, biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy.
Forumyň çäginde guralan Türkmen-german işewürlik maslahatynda Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalary bilen biziň ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine täze esaslary döretjek ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde iş sapary bilen bolanda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşmagy, «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumynda çykyş etmegi, bu saparyň çäklerinde iki döwletiň hökümetleriniň arasynda resminamalara, şol sanda «Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda» Ylalaşyga gol çekilmegi ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine esaslary döredýär.
Şu ýerde hut innowasion ykdysadyýetiň esasyny düzýän ylym-bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz: «Dünýäniň fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalarynyň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär» diýip, hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmä, täzeligi aňlamak başarnygyna eýe bolmalydyklaryny nygtaýar. Gün-günden berkeýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy bu jogapkärli wezipäni çözmäge, ýagny iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esaslary döredýär. Şu nukdaýnazardan, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň kabul edilmegi ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň wajyp şerti hökmünde: «Milli innowasion önümlerimiziň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üçin mekdep okuwçylaryny, talyplary, aspirantlary çekmegi göz öňünde tutýan düzümler, halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik, dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamagy has işjeňleşdirmelidir» diýip, bu ugurdaky işleriň köptaraplylygyna we özboluşlylygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamynyň giň orun tutýandygyna aýratyn üns berildi. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyny görkezdi. Bellenişi ýaly, Türkmenistan baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. «Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşiklerde energetika ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklandy. Şu maksat bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellendi.
Halkara derejedäki şeýle ähmiýetli çäreler we olarda kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň ösdürilmegi hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň täze derejelere çykarylmagy üçin zerur esaslary döredýär.
Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.