Gökdepäniň gön zawody iri kärhanalaryň biri. Täze taryhy döwürde onuň önümçilik işiniň gerimi giňeýär, iş görkezijileri sazlaşykly ýokarlanýar. Munuň şeýledigine «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda zawodda alnyp barylýan işleriň görkezijileri, önüme bolan isleg hem şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda zawodda 8 million 195 müň manatdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Zawodyň işçi hünärmenleri önümçilik bölümlerinde oturdylan enjamlary saz işletmek arkaly, derini degişli talaplara laýyklykda ýuwup arassalamakda, gaýtadan işlemekde we ondan ýokary hilli gön taýýarlamakda yhlaslylyk görkezýärler. Agzybirlikli çekilen zähmetiň netijesinde zawodda ownukdyr iri şahly mallaryň derisiniň birnäçe tonnasy gaýtadan işlenildi. Dürli görnüşdäki we ölçegdäki ekologik taýdan arassa gön önümleri taýýarlandy. Şol önümler aýakgaplaryň, guşaklaryň, gyşky lybaslaryň, torbalaryň önümçiliginde giňden ulanylýar. Gön önümlerine hususy pudagyň wekilleri uly isleg bildirýärler.
Aýdo ŞEKEROW.