Mary welaýaty, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Mejlisiň iş toparlarynda ýakynda kabul edilen Konstitusion kanunlardan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Milli parlamentiň wekilleri halkara işiň çäklerinde dürli çärelere, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler. Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar, Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen resminamalaryň many-mazmunyny we taryhy ähmiýetini düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, öňümizdäki jemgyýetçilik-syýasy çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir hem-de halkara kadalara laýyk gelmelidir. Mejlisiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda halkara standartlara laýyklykda milli standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmek hem-de ugurdaş düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde standartlaşdyrmak ulgamynyň okgunly ösýändigini belledi. Esasy pudaklary döwrebaplaşdyrmakda, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmakda, sarp edijileriň bähbitlerini goramakda bu ulgama möhüm ähmiýet berilýär. Gullugyň hünärmenleri tarapyndan ulanylýan ölçegleriň we synaglaryň usullaryny kämilleşdirmek bu ugurdaky esasy wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmegiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ulanmagyň, şol önümleriň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde görlen çäreler, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maldarçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we mallaryň baş sanyny artdyrmagyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we olary aýawly saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz sowuk howa akymynyň gelmegi bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer sebitlerde ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda”, şeýle-de “Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Şol resminamalara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizdäki möwsüm üçin geçirilýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz wagtynda taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýän himiýa pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly täze kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, garyşyk mineral dökünleri öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan bu ugurdaky toplumlaýyn işlere gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz uly senagat kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, şu ýylyň şygaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan maslahatlary, söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, aýdym-sazly dabaralary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler geçiriler. 10-njy fewralda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli okuw maslahaty geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklaryndaky konserti guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 12 — 14-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini, 15 — 17-nji fewralda bolsa EYR-nyň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen öňümizdäki çärelere we dabaralara taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda taýýarlanylan meýilnama Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, jemgyýetiň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen işlenilip düzüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek barada beýan edilen sargytlary durmuşa geçirmek boýunça wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömri we alyp baran işleri bilen tanyşdyrmak çärelerine aýratyn orun berilýär. Ýaş alymlaryň arasynda türkmen halkynyň we Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli duşuşyklary, telegepleşikleri, döredijilik bäsleşiklerini, festiwallary, olimpiadalary, köpçülikleýin sport çärelerini, halkara innowasion forumlary, gezelençleri guramak teklip edilýär. Aýry-aýry çäreler milli däpleri, şol sanda maşgala mukaddesligini aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge bagyşlanar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlary halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri esasynda terbiýelemegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň ýaş neslini ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna giňden çekmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Ýaşlar ylmy ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokarda agzalan Strategiýada Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak teklip edilýär. Mundan başga-da, bu Strategiýanyň taslamasyna medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk çäreleri girizmek maksat edinilýär. Hususan-da, “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar. Sport barada aýdylanda, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. Ýurdumyzyň daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz milli ýaşlar konsepsiýanyň doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky syýasatyň esasy maksadynyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz sport baradaky meselä degip geçip, “Aziada — 2017-ä” taýýarlyk görmegiň çäklerinde türgenlerimiziň dünýäniň esasy sport merkezlerinde tejribeli we meşhur tälimçileriň ýolbaşçylygynda tälim alandyklaryny belledi. Şonuň netijesinde olar bu oýunlarda ajaýyp üstünlikleri gazandylar. Şeýle tejribe bilim ulgamynda-da ulanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň, ýurdumyzda okuw sapaklaryny geçmek üçin meşhur alymlary çagyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Mundan başga-da, ýokary sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň üstünde içgin işlemek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bularyň ählisi ýaşlarymyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga, olary dünýä ylmy we täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu ulgamda toplumlaýyn işleriň depginini ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak, halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna halkara standartlara laýyklykda, deňiz we derýa ulagy pudagynyň dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämigurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ekin meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary, gowaça tohumlaryny ýazky ekişe taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy. Hasabatyň dowamynda sebitiň suw serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy.
Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen, ägirt uly ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny sebitde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumyndaky işleriň barşyny we depginini, olaryň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmegiň, howa şertleri bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sebitde amala aşyrylýan işleriň ählisiniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidigini we döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde beýleki meselelere-de garaldy we pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlis tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Mary şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.