Ulag diplomatiýasy: oňyn başlangyçlar, giň mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde, ulag ulgamyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ulgam ählumumylaşmagyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet öz geografik ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Şoňa görä-de, bu ugurda dünýä tejribesini anyk bir ugra gönükdirmek, mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, tagallalary birleşdirmek zerurdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň döwrebap üstaşyr ulag düzümini, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetiň ilerledilmegine däl, eýsem sebitiň rowaçlygyna uly itergi berýär. Bu babatda 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara deňiz porty uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny gysgaltmaga we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berip, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman deňiz geçelgeleriniň ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Amyderýanyň üstünde gurlan awtoulag we demir ýol köprüleriniň içerki gatnawlar üçin-de, üstaşyr gatnawlar üçin-de belli bahasy ýokdur.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýakynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitinde eden çykyşlarynda hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekdi. Şonda GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň taslamalarymyza, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. “Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. 

                                                                   

Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamagyň zerurdygyny nygtady we Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, bu babatda halkara ulgama goşulyşmak bilen bagly wezipeler degişli Maksatnamalarda we Konsepsiýalarda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň köpugurly yklymara logistika ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmagy, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça uzak möhletli we yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda ýurdumyzy ýakyn 10 ýylda Ýewraziýada ulag ulgamy babatda esasy ýurtlaryň birine öwürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemek gerek. 

                                                                   

Halkara giňişlikde Garaşsyz Türkmenistanyň ulag babatda eýeleýän ornuny berkitmekde we bu ugurdaky häzirki zaman başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», şeýle-de «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» taryhy ähmiýete eýedir. Degişli Maksatnama daşary syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugurlary boýunça syýasy, ykdysady we diplomatik hereketleri öz içine alýar. Şeýlelikde, ol döwletimiziň bu ugurda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek, ulag hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça Türkmenistanyň diplomatik gullugy bilen degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de milli kompaniýalaryň bilelikdäki işini hem utgaşdyrýar. 

                                                                   

Şu ýylyň 18-19-njy iýulynda paýtagtymyzda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan «Halkara üstaşyr-ulag geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Özara pikir alyşmalar üçin gepleşikler meýdançasyna öwrülen forumyň çäklerinde geçirilen «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly plenar mejlisiň hem-de beýleki iş mejlisleriniň dowamyndaky çykyşlarda we ara alyp maslahatlaşmalarda baglanyşyklylyk strategiýasynyň nazary we amaly esaslary, sanlylaşdyrmak syýasaty, ulag pudagyny dekarbonizasiýalaşdyrmak (uglerod zyňyndylaryny azaltmak), ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ýaly meselelere aýratyn orun berildi.  

                                                                   

Halkara maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) baglaşylmagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň iş ýüzünde anyk amal edilýändigini, ulag babatda sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ählumumy derejede alnyp barylýan işlere oňyn goşant goşulýandygyny aýdyň görkezdi.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ulag diplomatiýasynyň netijeli ösdürilýändigini şu ýylyň 15-16-njy awgustynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň Awazada geçirilen maslahatynyň mysalynda-da görmek bolýar. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» ady bilen geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde guralandygyny bellemek gerek. Bu halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasynda hem beýan edilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatyna netijeli taýýarlyk görmek hem-de ony üstünlikli guramak möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulmagyna, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtoulag ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan köpriniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň logiki dowamydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sebitde täze ulag infrastruktura desgasynyň peýda bolmagy söwda dolanyşygynyň, Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawynyň ep-esli artmagyna getirer, şeýle-de daşary ýurt ýük daşaýjylaryna awtoulag, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly, Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen ýük gatnatmaga mümkinçilik döreder.  

                                                                   

Görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasy barha dabaralanýar. Munuň özi täze mümkinçilikleriň döremegine we ulag babatda hyzmatdaşlygyň geriminiň yzygiderli giňelmegine şert döredýär.  

                                                                                                           

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.