Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de çuňňur oýlanyşykly meýilleşdirilen maksatnamalaryna daýanýar. Milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ösüşine täsir edýän şertleriň ählitaraplaýyn seljerilip, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgininiň saklanýandygyny, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar.
Ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan okgunly ösüşini dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň görkezijileri hem makroykdysady durnuklylygyň berkidilýändigine we ykdysady kuwwatyň artýandygyna, halk hojalygynyň senagatlaşma derejesiniň ýokarlanyp, bazar gatnaşyklaryna geçişiň çaltlanýandygyna, esasy pudaklarda, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda okgunly ösüşiň üpjün edilýändigine, ähli ugurlara sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Emele gelen çylşyrymly ekologik, geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar sebäpli, «nämälimlik döwri» diýlip atlandyrylan döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininde pese gaçyşlyk ýüze çykdy. Bütindünýä bankynyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky hasabatynda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 2,6 göterime barabar boldy. Hasabata laýyklykda, 2024-nji ýylda dünýä ykdysadyýetindäki pese gaçyşlyk bassyr üçünji ýyla uzap, ösüşiň 2,4 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ykdysadyýeti içerki we daşarky şertlere durnuklylygyny görkezip, yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýylda ykdysadyýetiň esasy görkezijileri, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,3 göterim, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak maksat edinilýär. Şunuň ýaly oňyn görkezijiler ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygymyzdan nyşandyr.
Durmuşa geçirilýän netijeli işler indi birnäçe ýyl bäri jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 göterimden ýokary derejede saklanmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijileriň — maýa goýumlaryň, eksportyň, içerki sarp edişiň we telekeçiligiň ösüşinde jemlenýändigini bellemek gerek. Şeýle hem tebigy baýlyklaryň gorlarynyň özleşdirilmegi, obasenagat toplumynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy, sebit we halkara derejedäki döwrebap ulag düzümleriniň döredilmegi ykdysady ösüşe uly goşant goşýar. Nebitgaz, gurluşyk, energetika ýaly möhüm pudaklaryň täze derejä çykarylmagy Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinde we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny şertlendirýär. Derman senagaty, gämi gurluşygy, elektron senagat ýaly täze pudaklaryň işjeňleşdirilmegi, dünýä ülňülerine kybap gelýän döwrebap syýahatçylyk düzümleriniň döredilmegi diňe bir ozalky gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, täze sepgitlere çykmaga ýardam edýär.
Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri senagat toplumlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze üstünliklere ýol açýar. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi bilen baglanyşykly çäreler, goňşy döwletler bilen serhetýaka söwda zolaklarynyň döredilmegi, täze senagat-önümçilik zolaklarynyň emele getirilmegi, telekeçiligiň ösdürilmegi döwrümiziň öňegidişlikleriniň depginini has-da artdyrar.
Ykdysadyýetde ýetilýän sepgitler durmuş ugurly taslamalary giň gerimde amala aşyrmaga, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmaga, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny, döwrebap söwda merkezlerini, bilim edaralaryny, saglygy goraýyş düzümlerini gurmaga mümkinçilik berýär. 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri Türkmenistanda çaga dogluşynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny we ilatyň yzygiderli artýandygyny mälim etdi. Bu bolsa halkymyz üçin döredilýän mynasyp durmuş-ykdysady şertleriň netijesidir.
Türkmenistan ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliliginiň görkezijisidir. Halkyň agzybirligi we jebisligi, döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Öňde durýan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ýagty ertirlere ynamyny artdyrýar. Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna, döwrebap infrastruktura we kuwwatly adam maýasyna eýe bolan Türkmenistan giň gerimli özgertmeleri işjeň amala aşyryp, uzak ýyllaryň dowamynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň berk binýadyny döredýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.