Sanly ulgam: zerurlyk, talap, öňegidişlik

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýan sanly özgertmeler barada

Sanly ykdysadyýet — häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri. Bu ugruň ösdürilmegi ähli pudaklarda ýokary netijeleri we uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ministrlik degişli ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmaga mynasyp goşant goşýar. Ine, şular dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç ŞAMUHAMMEDOWA ýüz tutduk.

— Söhbedimizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňden başlaýsak!

— Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlygyna geçen ilkinji gününden başlap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz her güni taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ugur bilen bagly täze wezipeleri öňümizde goýýar. Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegini ýerine ýetirmek we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine tabşyryldy.

— Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň çäklerinde ministrlikde siziň ýolbaşçylygyňyzdaky bölümiň alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz?!

— «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ileri tutulýan wezipeleri öz wagtynda we netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrligiň kompýuter tehnologiýalary bölümi hem degişli işleri alyp barýar. Bular dogrusynda aýtsak, milli Liderimiziň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we häzirki wagtda ony döwrebaplaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Ministrligiň sebitlerdäki edaralarynda işde zerurlyga görä ulanmak üçin hukuk namalaryny baýlaşdyrmak maksady bilen, «Adalat» elektron maglumat toplumynyň programmasy içerki maglumat-telekommunikasiýa tory bilen baglanyldy. Türkmenistanyň ýeke-täk Döwlet hyzmatlary resmi e.gov.tm portalynda ministrligiň we Salgyt müdiriýetiniň sanly hyzmatlary ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň garamagyndaky fineconomic.gov.tm internet web-saýtyny kämilleşdirmek hem-de ony elektron maglumatlar bilen baýlaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu internet sahypasynda ýerine ýetirilýän hyzmatlar barada tanyşdyryş işleri geçirilýär hem-de täze habardyr maglumatlar, «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň elektron görnüşi ýerleşdirilýär.

— Dürli maksatly hem-de iri halkara taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we degişli ugurda dünýä döwletleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrmak boýunça nähili sanly özgertmeler amala aşyrylýar?

— Bu ugurda Diýarymyzda amala aşyrylýan ykdysady hem-de iri halkara ähmiýetli taslamalar baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak, şeýle hem daşary ýurt we halkara banklarynyň, maliýe institutlarynyň we senagat şereketleriniň maýa goýumlaryny Türkmenistana çekmek bilen bagly maglumatlary ýerleşdirmek üçin invest.gov.tm internet sahypasy döredildi. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» jogapkär hökmünde bellenilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň resmi internet sahypalaryna salgylanma girizildi. Onda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we guramalar tarapyndan yglan edilýän halkara bäsleşikler hem-de Türkmenistanyň Kanunlaryndan we hormatly Prezidentimiziň Kararlaryndan gelip çykýan möhüm wezipeler ýerleşdirildi. Agzalan maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler boýunça invest.gov.tm internet sahypasynda «Türkmenistanda maýa goý!» atly wideoşekilli maglumat we onuň «Maýa goýum taslamalary» salgysynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» degişli bölüminde agzalan taslamalar hakynda maglumatlar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, geçen ýyl Ýaponiýanyň «ROTOBO» söwda assosiasiýasy bilen türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda maýa goýum gatnaşyklaryny has-da gowulandyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda türkmen tarapyndan invest.gov.tm internet sahypasyndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşmak teklip edildi. Ýaponiýanyň «ROTOBO» söwda assosiasiýasy tarapyndan golaýda geçirilen wirtual sergide invest.gov.tm internet sahypasy hem tanyşdyryldy.

— Ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde sanly ulgamyň orny nähili?

— Häzirki zaman şertlerinde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar halkara gatnaşyklarda innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy wajyplyga öwürdi. Hut şoňa görä-de, sanly diplomatiýanyň ösýän döwründe ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar guralyp başlandy. Ministrligiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 2020-nji ýylda onlaýn görnüşde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň 428-si, 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bolsa 98-si geçirildi. Munuň özi häzirki zaman innowasiýalarynyň halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň has-da ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

— Amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda bellige alyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça nähili işler durmuşa geçirilýär?

— Ýurdumyzda bellige alyş ulgamyny kämilleşdirmek we edara görnüşli taraplary resmi taýdan hasaba almak boýunça beýleki ministrlikleriň hem-de edaralaryň birnäçesi bilen degişli işler ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, «Internet-ekwaýring» onlaýn hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky bilen uly işler edildi we «e-commerce» onlaýn töleglerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi we elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi. Edara görnüşli tarapyň adyny bellige almak we Salgyt müdiriýetine degişli bolan «E-salgyt» onlaýn web-ulgamyny özara baglamak bilen, e.fineconomic.gov.tm atly sanly hyzmatlaryň bir bitewi ulgamy döredildi. Şeýle hem elektron hyzmatlary amala aşyrmak, daşky ulanyjylary bellige almak we ulanyjylar tarapyndan ygtyýarly dolandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmek babatda web-ulgamda «Şahsy otag» bölümi ornaşdyryldy. Hususan-da, tehnologik infrastrukturany kämilleşdirmekde tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar.

Ministrligiň resmi web-saýtynda sanly hyzmatlar babatda ulanyjylar tarapyndan döwrebap ykjam tehnologik usullardan peýdalanyp, e.fineconomic.gov.tm sanly hyzmatlaryň bir bitewi ulgamyna QD-koduny ulanmak (Quik Response Code — dessin tassyklanylýan kod) arkaly degişli hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Öz nobatynda, bularyň ählisi ministrligiň kompýuter tehnologiýalary bölümi tarapyndan Diýarymyzda alnyp barylýan sanlylaşdyrma babatda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny doly tassyklaýar.

— Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ministrligiňiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan işler barada beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýan bagtyýar zamanamyzda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!

Söhbetdeş bolan Jumamyrat GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby, "Nesil".


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22644