Geoykdysady giňişlik: üstaşyr geçelgeler

dünýä ýollarynyň altyn halkasy

Dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollar ählumumy ösüşiň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ony ýokary depginlerde ösdürmäge hyzmat edýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä göterilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistandaky özgerişleriň bir ugry-da ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň halkara gaz geçirijileri, howa, awtoulag, demir we deňiz ýollary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden ýurdumyzyň ulag-ýol ulgamynda uly özgerişliklere badalga berildi. Ýollar — ýurduň ösüşleriniň aýnasy. Islendik ýurda baranyňda, ilkinji täsirler ýollardan başlanýar. Ýoly abadan ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de ýokary bolýar.

Türkmenistan ulag-ýol üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Munuň özi ykdysady meseleleriň çözgütlerine döwletimiziň täzeçe çemeleşýändiginiň subutnamasydyr. Bu çemeleşmeler Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine-de oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Şu ýerde diňe bir demir ýa-da deňiz ýollary däl, üstaşyr awtoulag ýollarynyň we döwrebap menzilleriň gurluşygy, howa ýollarynyň mümkinçiliginiň giňeldilmegi boýunça-da Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini nygtamak artykmaçlyk etmese gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi, resminamanyň awtordaşlary hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň köpüsiniň, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerika we Afrika ýurtlarynyň çykyş etmegi Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryň awtory hem Türkmenistandyr. Türkmenistan ulag-ýol ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenilen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatda yzygiderli çykyş etmegi we olary durmuşa geçirmegi işjeň dowam etdirýär. Sebitdäki beýleki ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm taslamalary, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň taslamasyny, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrunyň çäklerindäki taslamalary berk goldaýar.

Ýurdumyzyň Ýewropa — Aziýa çatrygynda ýerleşmegi birtopar innowasion teklipleriň we başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolmakda paýyna düşýän işleri abraý bilen ýerine ýetirýändigi dünýä jemgyýetçiligine-de mälimdir. Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi bolmak wezipesini çözüjilik mümkinçiliginiň ýokarlanmagy gürrüňsiz ykrar edilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyz ägirt uly üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine eýedir. Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky teklipleridir başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagynda hem biz şu ýagdaýyň ykrar edilmeginiň subutnamasyny görýäris. Täze taryhy şertlerde Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoluny ýaňadan döretmäge hakyky mümkinçilikler açyldy. Döwletimiz şol mümkinçilikleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly guruldy. Türkmenistan bilen Owganystany demir ýollaryň ikisi baglanyşdyrýar. Durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň, gadymda hem bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň bütinleý täze mazmunda döremegine işjeň gatnaşmagyna getirdi. Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşi peýda bolýar, ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulaglaryň we ýollaryň ähli görnüşlerini özüne birleşdirýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda gurlan we gurulýan halkara awtoulag, howa we demir ýollary geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden herekete getirdi. Biziň döwletimiziň başlangyçlary esasynda döredilen üstaşyr ulag geçelgeleri ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berýär.

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen türkmen ykdysadyýetiniň täsir ediş çägi giňeýär.

Türkmenistan mundan onlarça ýyl öňküsinden has özgerdi. Häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyz uly-uly gurluşyklary dowam etdirýändigi, aglabasynyň bolsa dünýä ähmiýetli iri taslamalardygy bilen tapawutlanýan ýurt hökmünde meşhurdyr. Içerki we daşarky maýadarlaryň goýýan maýa goýumlarynyň netijesinde sebitde ykdysady hyzmatdaşlyk ösýär, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär, ýürekdeş hyzmatdaşlyk ýagdaýy emele gelýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşyk, Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýollaryň, Türkmenbaşy Halkara portunyň, howa menzilleriniň gurulmagy we beýleki başlangyçlar Türkmenistanyň halkara abraýyny has berkitdi.

Owgan halkyna kömek hökmünde iki sany täze demir ýoluň Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlarynda gurlup ulanylmaga berilmegi hem Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ösüşinde ynsanperwerlik syýasatynyň berk goldanylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Häzirki hereket edýän we gurulýan awtoulag hem-de polat, şeýle hem deňiz, howa ýollary ýolagçy gatnatmagyň, şol sanda ýük daşamagyň barha artýan möçberlerine hötde gelmäge mümkinçilikdir. Ýokary tizlikli ýollaryň gurluşygyna uly üns berilýär. Bu ýollar dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Welaýatlaryň çäginde hem täze awtomenzilleriň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge niýetlenilen halkara ulag terminalynyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen açylyş dabarasy ýadymyzdadyr. Ulgamda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Bu taslamalaryň birnäçesi häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler hem dünýäde ykrar edilen desgalardyr. Amyderýanyň çep we sag kenarlaryny baglanyşdyran Kerki — Kerkiçi demir ýol köprüsi 2009-njy ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berildi. Bu köpri ýurdumyzyň diňe bir günorta-gündogar böleginiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin däl, eýsem, transmilli ulag geçelgelerini döretmekde uly ähmiýete eýe boldy. Amyderýanyň köprüleriniň ählisine-de şeýle baha berse bolar. Onçakly köp wagt geçmänkä, Kerki — Kerkiçi demir ýol köprüsiniň gapdalynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda awtoulag köprüsi hem dabaraly ýagdaýda açyldy. Aýna ýaly tekiz ýol bilen barýarkaň, köprüleriň owadan görnüşi daş-töwerek bilen sazlaşýar. Köpriniň yşyklary ýoluňa ýöne bir ýagty däl, nur saçýar. Köpriniň üstünden goşa kenaryň yşyklary dürler hazynasy ýaly görünýär. Kuwwatly ýurduň diňe bir gündizleri däl, gijeleriniň-de has gözeldigi, has nurludygy baradaky pikirler seriňe gelýär. Kenarlaryň özüne çekiji görnüşlerini synlaýarkaň, bagtyýarlygyň nämedigine has-da oňat göz ýetirýärsiň.

Ikinji köpri bilen bir wagtda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen derýanyň aşak akymynyň ugrunda Seýdi — Farap awtoulag köprüsi hem ulanmaga berildi. Bu kuwwatly köpri hem ulaglaryň we pyýadalaryň köp geçýän esasy geçelgesine öwrüldi.

2017-nji ýylda Türkmenabatda Amyderýanyň üstünden geçýän ýene-de iki sany — awtoulag we demir ýol köprüleri ulanylyşa girizildi. Döwrebap köprüler dünýä derejesinde alanyňda, üstaşyr ýollaryň altyn halkasyny emele getirdiler. Köpri — geçelge. Geçmişe göz aýlasaň, geçelgesizlikden kösençlik bary çekilipdir. Derýanyň saý we dar ýerlerini saýlamaly bolupdyr. Akymyň gowşamagyna garaşylypdyr. Irki döwürleriň syýahatçylary Zeminiň ýüzündäki derýalaryň arasynda juda üýtgeşik saýylýan Amyderýadan geçmegiň ýeňil bolmandygyny ýazýarlar. Diňe bir türkmende däl, eýsem, dünýä halklarynda hem köpri gurmak sogap iş hasaplanylýar. Bu köneden gelýän hakykat. Çünki köprüden ýoly düşen her bir kişi çyn ýürekden alkyş okap geçýär. Başga-da bir hakykat bellidir: köpri il-ulsuň kalplaryna barýan geçelgedir. Amyderýanyň üstünden gurlan köprüleri şol kalplara uzaýan geçelgelere meňzedesiň gelýär. Ýeri gelende bellesek, 2-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň biragyzdan goldamagynda kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Bu ýörite Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr. Köpri gurmak — sogap iş. Döwletmämmet Azady hem halkyň isleg-arzuwlaryny duýup, gerekli ýerinde köpri gurduranlaryň ýalkanjakdygyny, atlarynyň äleme doljakdygyny welilik bilen aýdyp geçipdir.

Bu gün ýüreklerde mähriban Watanyň ertiriniň bu günküsindenem has gözel boljakdygyna beýik ynam bar. Ýurdumyzda toýdur baýram, ruhubelentlik höküm sürýär. Diýarymyzyň dürli künjünde möhüm desgalaryň, gözelden-gözel binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralar adamlaryň köňüllerine egsilmejek ynam, şatlyk getirýär.

Kuwwatly döwletiň syýasatynyň baş maksady döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün etmekden ybarat. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze, innowasion ugurlarynda, aýratyn-da, logistikada işlenilip düzülen döwrebap taslamalaryň biziň günlerimizde has üstünlikli durmuşa geçirilip başlanmagy guwandyryjydyr.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Kerki şäherinde gurlan Halkara howa menzili hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşleri, ulag-ýol ulgamynyň il-ýurda has göwnejaý hyzmat etmegi üçin birtopar amatlyklary döredýär. Ol ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär hem-de howa ýollary arkaly ýük daşalmagynyň we ýolagçy gatnadylmagynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Birwagtlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda esasy düşelgeleriň biri bolan gadymy şäherdäki Halkara howa menzili häzirki wagtda uly iliň dilinde. Buýsançly sözleriň aňyrsynda halkymyzyň çäksiz begenji duýulýar.

Ýurdumyz il-ýurt bähbitli desgalary bilen täze, sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminde möhüm orna eýe bolýar. Şunda öňi bilen goňşuçylyk ýörelgeleriniň has çuňlaşmagy, döwletara ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin amatly şertler üpjün edilýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň çäginde ulag ulgamynyň işiniň hili düýpli ýokarlandy. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk düzümini giňeltmek ugrundaky tagallalaryny bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär.

Ulag-aragatnaşyk düzüminiň giňeldilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna-da ýardam edýär. Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlanýar, olaryň görnüşi artýar, üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi köpelýär. Sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ulaglaryň ähli görnüşiniň hereketiniň hakyky wagt birliginde awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasyna, onda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki ýagdaýlardan ugur alnyp, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýörite ugruň işlenilip düzülendigini aýtmak hem artykmaçlyk etmese gerek. Üstaşyr ulag geçelgeleri sebit, şeýle hem dünýä üçin iňňän ähmiýetlidir. Halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakda türkmen paýhasynyň tejribesi baýlaşýar. Zemin umumy öýümiz bolsa, türkmen onuň rahatlygynda, eşretinde öz asudalygynyň, eşretiniň üpjün boljakdygyny görýär. Milli Liderimiziň hut şol ýörelgäni dowam etdirmegi milletimiziň dünýäni özgertmek ýaly belent sypatynyň özboluşly bir ýüze çykmasydyr. Türkmenistanda amala aşyrylýan işler — türkmen topragyndan dünýä uzaýan ýollar şol hakykaty teswirleýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37802