Logistika pudagy ýa-da ýükleriň üstaşyr daşalyşynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň netijeleri dünýä ykdysadyýetindäki ornuny barha pugtalandyrýar. Bu bolsa eksport-import amallarynyň, ykdysady ösüşe täsir edýän beýleki çeşmeleriň bu pudaga bolan garaşlylygyny has-da artdyrýar. Şeýle bolansoň, logistika pudagy dünýäniň ähli döwletlerini barha özüne çekýär. Gerimi gün-günden giňeýän bu ugurda alnyp barylýan işleriň diwersifikasiýasy alyjylaryň, satyjylaryň we araçylaryň bähbitleri nukdaýnazaryndan alanyňda-da, juda ähmiýetli bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda-da bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.
Ykdysady we ekologik bähbitleri nazarlap
Logistika pudagynda ulaglaryň görnüşleriniň utgaşmagy netijesinde amala aşyrylýan işler birnäçe topara bölünip, olaryň içinde ýükleri daşamagyň multimodal görnüşi aýratyn orun eýeleýär.
Halkara telekeçilik işinde logistik hyzmatyň iň azyndan iki görnüşiniň ulanylýan, özara şertnamanyň we beýleki resminamalaryň ýeke-täk jogapkär adam tarapyndan satyjydan alyja gowşurylýan ulag hyzmatyna multimodal ulag hyzmaty diýilýär. Munuň üçin taraplar ýeke-täk şertnama gol çekýärler we geleşik onuň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi netijesinde tamamlanýar. Şonuň üçin-de, halkara ýük daşamalaryň agramly böleginde, esasan-da, ürgün we konteýnerler bilen daşalýan ýükleri daşamakda multimodal ulag usuly has köp ulanylýar. Integrirlenen ulgam bolan multimodal ýük daşamalarda ýükler salnyp barylýan gabyndan, konteýnerinden we beýlekilerden başga birine geçirilip bilinýär. Muňa garamazdan, başlangyç nokatdan ahyrky nokada çenli ähli ýollar üçin şol bir şertnama öz güýjüni saklaýar. Bu bolsa eksportçynyň-da, importçynyň-da, araçynyň-da bähbitlerine hyzmat edýär.
Umumylykda alnanda, ýükleriň multimodal usulda daşalmagy diýmek olaryň bu hyzmaty ýerine ýetirýän şol bir kärhana arkaly, hiç bir artykmaç täsire düşmezden, daşamagyň birden artyk usulynyň ulanylyp daşalmagy diýmekdir. Şunda ýükleri daşamagyň azyndan iki usulyndan peýdalanmak hökmany ýagdaýdyr.
Daşky gurşawyň şertlerini, wagtyň tygşytlylygyny we bähbitleri netijeli utgaşdyrmak arkaly döredilen bu model birnäçe amatlyklara eýedir. Mysal üçin, hyzmatlar babatdaky nyrhlaryň öňünden kesgitlenýändigi sebäpli, ol maliýe bähbidini özünde jemleýär. Ýükleri ýüklemek, düşürmek we daşamak ulgamlarynyň yzygiderliligi netijesinde, ol aňsatlyk bilen gözegçilik edilip we dolandyrylyp bilinýär. Halkara bilermenleriň pikirine görä, multimodal ulag hyzmatlarynda kömürturşy gazynyň atmosfera goýberilişi 75 göterime çenli azalýar. Bu ýükleriň awtoulag ýollary arkaly daşalyşy bilen deňeşdirilende, diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik taýdan-da juda ähmiýetli bolmagynda galýar. Mundan başga-da, bu usul hyzmaty howa we ýol şertlerinden täsirlenmezden ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, Türkmenistan multimodal ýük daşamalaryna bolan gyzyklanmasyny barha artdyryp, munuň üçin halkara derejede täze başlangyçlar bilen çykyş etmegini dowam etdirýär.
Merkezi Aziýa: şertler, mümkinçilikler, aýratynlyklar
Üstaşyr ýükleriň daşalyşy babatda gümrük düzgünlerini kämilleşdirmek döwrüň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. Çünki halkara bilermenleriň çaklamalaryna görä, gümrük amallaryndaky bökdençlikler sebäpli ýük ekspeditorlary haryt getirmek üçin sarp edilýän wagtyň 40 göterimini gümrük nokatlarynda ýitirýärler. Bu bolsa satyjy bilen alyjynyň, has dogrusy, öndüriji bilen sarp edijiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň peselmegine, bazar ykdysadyýetindäki kadalaryň bozulmagyna, haryt bolçulygy babatda bökdençlikleriň emele gelmegine, bazarda bahalaryň durnuksyzlaşmagyna esas döredýär. Şonuň üçin Türkmenistan goňşy hem-de sebit döwletleri bilen geçirilýän ýokary derejedäki gepleşiklerde, forumlarda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň döwlet paçlarynyň bitewi nyrhyny emele getirmegiň, üstaşyr geçelgeleri diwersifikasiýalaşdyrmagyň, şunda multimodal ýük daşamalara aýratyn ähmiýet bermegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Merkezi Aziýada sebit döwletleriniň milli hojalygynyň özara utgaşygyny, olaryň birleşmegini, ykdysady we önümçilik hyzmatdaşlygynyň giňelmegini gazanmak meselesine çözgüt tapmak bu ugurda möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary üstaşyr ulag gatnawlarynyň mümkinçiligini mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ulag pudagynyň milli ykdysadyýetiň düzümindäki paýyny artdyrmak meselesini çözmek üçin täze taslamalary öňe sürýärler. Şunda ýurdumyzyň bu babatdaky garaýşyna, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan ulag infrastrukturasyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, täze, geljegi uly ulag geçelgelerini emele getirmegiň bu meseläni iş ýüzünde çözmäge kömek etjekdigine ynanýar. Çünki BMG-niň hünärmenleriniň hasaplamalaryna, şeýle-de türkmen tarapynyň çaklamalaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi sebitiň jemi içerki önüminiň ösüşini on ýylyň içinde azyndan iki esse artdyryp biler. Bu diňe bir sebitiň galkynmagy babatdan alanyňda-da uly üstünlikdir. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Aşgabat Ylalaşygynyň çäginde Russiýa — Gazagystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Hindistan sebitleýin ulag geçelgesini döretmek bilen baglanyşykly taslama ykdysady taýdan ähmiýetlidigi, diňe bir döwletleriň ykdysady bähbitlerine däl, eýsem, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna hem hyzmat etjekdigi bilen tapawutlanýar. Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan aralygynda demir ýol şahasyny çekmek bilen baglanyşykly taslama durmuşa geçirilenden soňra, sebitiň bu ugurdaky mümkinçilikleri has-da artar. Çünki bu ugur geljekde Hytaýdan başlap, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üstünden geçip, Hazar deňzi arkaly Baku — Tbilisi — Kars ugry boýunça Günorta hem Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, Ortaýer deňziniň portlaryna eltjek täze ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler. Şu taslamalaryň doly durmuşa geçirilmegi yklymlaryň arasynda-da möhüm baglanyşygy emele getirer.
Türkmenistan sebitiň ulag geçelgelerini ösdürmek işine Owganystany çekmegiň möhümdigini aýratyn nygtaýar. Çünki bu ugur hem halkara ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmakda, haryt dolanyşygyny artdyrmakda juda derwaýys bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bu başlangyjy durmuşa geçirilen ýagdaýynda Haýratan — Mazari-Şarif demir ýoly we indi gurulmaly Mazari-Şarif — Hyrat awtoulag ýoly Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň çäginde Eýranyň, Pakistanyň we Hindistanyň demir ýollaryna barýan täze ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berer, şeýle-de dünýä ummanyna çykmaga şert döreder. Beýleki bir tarapdan alanyňda bolsa, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Aziýa yklymynda ulag geçelgeleri bilen baglanyşykly özboluşly halkanyň emele gelmegi diýmekdir.
Sebit döwletleriniň halkara ulag, şol sanda deňiz arkaly ýük daşamak ulgamyna goşulyşmagy olaryň geljekki ösüşindäki esasy şertleriň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan munuň üçin, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada ulaglary ösdürmäge bitewi garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň kemala getirilmegini, bar bolan päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyny, wiza düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegini, gümrük amallarynyň, nyrh syýasatynyň sazlaşygyny gazanmagy, sebit ýurtlarynyň üstaşyr ulag infrastrukturasyny gowulandyrmagy, şonuň ýaly-da, geljegi uly ulag geçelgelerini döretmegi öňe sürýär.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
Ulag-logistika pudagy Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen oňyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Şonuň bilen birlikde-de, iri halkara bazarlary birleşdirýän iň gysga ýollaryň — gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde dikeldilen görnüşiniň esasy ugurlarynyň ýaşaýan sebitimizden geçýändigine ünsi çekmek zerur. Çünki sebitiň üstaşyr ulag geçelgeleri babatdaky mümkinçilikleri we geostrategik ýagdaýy — Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň merkezidigi taýdan alanyňda, onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan möhüm meseleleriň biri-de harytlaryň öz çäklerinden daşalmagy üçin şertleriň döredilmegidir. Bu ýerde ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we logistik hyzmatlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek esasy wezipe bolup durýar. Elbetde, bu babatda sebitiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryny başga-da bir mesele gyzyklandyrýar. Ol hem uly depginlerde döredilýän awtoulag, demir ýollaryny öz içine alýan üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly ýükleriň daşalyşyndaky wagtyň dowamlylygynyň hem-de tygşytlylygynyň deňiz ulaglary bilen aňsat bäsleşmäge ukyplylygyny ýokarlandyrmak mümkinçiligidir. Sebäbi gürrüňi edilýän döwletler üçin deňiz portlaryna göni çykalganyň ýokdugy harydyň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýandygy sebäpli esasy kynçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Hünärmenleriň pikiriçe, häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky yklymara ýükleriň 90 göterime golaýy deňiz arkaly daşalýar.
Häzirki zaman şertleri we talaplary Türkmenistanyň hem-de sebit döwletleriniň ulag-logistika pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna işjeňlik berýär. Şonuň üçin-de, Merkezi Aziýa döwletleri syýasy, ykdysady we beýleki meseleleriň amala aşyrylmagyna goldaw berip biljek ulag ulgamyny döretmäge çynlakaý çemeleşýärler. Bu ugurdaky giň gerimli tagallalary Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan ýola goýdy we öňe sürlen başlangyçlar halkara giňişlikde gyzgyn goldaw tapdy. Bu babatdaky köptaraplaýyn işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».