Maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmekden ötri maliýe usullarynyň görnüşini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetde bu serişdeleri amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzak möhletli maýa goýumlary çekmek maksady bilen, milli gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetlerine gymmatly kagyzlar babatda geleşikleriň amala aşyrylyşy boýunça degerli maslahatlar berilýär. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, diňe döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenmegi bilen çäklenmän, eýsem, hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna itergi berýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen, milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzümi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülere laýyk gelmegine ýardam berýär.
Aslynda, gazna bazary maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolup, döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bazar ykdysadyýetine geçýän döwletleriň ykdysady ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş derejesine bagly bolup durýar, ýöne olaryň gazna bazary entek emele gelmek ýa-da başlangyç derejesinde hereket edýär.
Gazna bazarynyň ösüş derejesi bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk hünärmenler tarapyndan öwrenildi. Şunda maliýe araçyllaryň (banklar) maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge serişdeleri çekmek we özleriniň iş ukyplaryny töwekgelçiligi dolandyrmaga gönükdirmek bilen, kärhanalaryň menejerleriniň hereketine gowy gözegçilik edip bilýändikleri anyklanyldy. Munuň özi ykdysadyýetde geleşikleriň möçberini artdyrmak bilen, tehnologik innowasiýalara we ykdysady ösüşe öz täsirini ýetirýär.
Türkmenistanda hem gazna bazarynyň herekete getirilmegi häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň biri hökmünde öňe çykdy. Çünki gymmatly kagyzlaryň kömegi arkaly şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy obýektlere, enjamlara we tehnologiýalara öwrülýär. Milli ykdysadyýeti berkitmegiň häzirki zaman tapgyrynda esasy meseleleriň biri maliýe gurallary arkaly artýan pul serişdeleriniň paýlanylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmek we kämilleşdirmekdir.
Gymmatly kagyzlar diýmek näme? «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň jemi hökmünde görkezilýär. Gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen bagly boldy (paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly). Maýa goýumlaryny çekmek we birleşdirmek meselesiniň oňyn çözülmegi täze kärhanalary döretmek we kämilleşdirmek işine uly täsir edýär. Şol sebäpli, gazna biržalarynyň kämilleşmegi bazar ykdysadyýetli döwletlerde ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Dünýä tejribesinde gymmatly kagyzlar bazary, adatça, gazna bazary diýen düşünje bilen bile ulanylýar.
Gazna bazarynyň ösüşiniň dürli tapgyrynda «birža» sözüne hem ykdysatçylar dürli kesgitleme berýärler. Birža — bu söwdany amala aşyrýan hünärmenler, ýagny dilerler we dellallar üçin niýetlenen, ýörite enjamlaşdyrylan bazar ýeri diýmekdir.
Gazna biržasy bolsa söwda ýeri bilen berk bellenen guramaçylykly, bähbitli gymmatly kagyzlary we operatorlary saýlamak mümkinçilikli, geleşikleriň we olar boýunça hasaplaşyklaryň bellige alnyşynyň merkezleşdirilenligi, resmi nyrh kesmegiň (kotirowka) berkidilmegi bilen tanalýan we biržanyň agzalaryna gözegçilik edýän merkezi bazardyr. Gazna birža hökmünde diňe gymmatly kagyzlar bazarynda söwdany guran we öz işini ygtyýarnama (lisenziýa) esasynda amala aşyran ýagdaýynda ykrar edilýär.
Halkara tejribeden belli bolşy ýaly, başlangyç tapgyrda ygtybarly, halkyň ynamyny gazanan hem-de maliýe taýdan durnukly kärhanalaryň paýnamalary gazna biržalarynyň resmi sanawyna goşulýar. «Aşgabat» gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde «Halkbank» PTB-niň, «Senagat» PTB-niň we «Rysgal» PTB-niň paýnamalary resmi sanawa goşuldy. 2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda «Aşgabat» gazna biržasynda birža söwdalary geçirilip, olarda agzalan banklaryň paýnamalaryny satyn almak-satmak boýunça geleşikler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Karary boýunça ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Halkbank» döwlet täjirçilik banky «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwrülip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan «Halkbank» täjirçilik bankynyň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bellenen tertipde gazna biržasynda dessin ýerleşdirildi we uly islege eýe boldy.
Maliýe we ykdysady toplumyň wekilleri bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda ösdürmek boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Şeýle özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar gymmatly kagyzlar bazarynyň has-da işjeňleşmegine itergi berer. Häzirki wagtda gymmatly kagyzlar bazarynyň emissiýasy kanuna laýyklykda hasaba alynýar. Dolanyşygyň ýöredilişi boýunça aýdyňlaşdyrma işleri dowamly geçirilýär. Munuň özi gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň möhüm ugry bolup durýar.
Gymmatly kagyzlar bazarynyň häzirki zaman maliýe bazarynyň iň işjeň bölegine öwrülmegini gazanmak üçin bu işe gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça özbaşdak okuw sapaklaryna synaglar geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan şahadatnamalar gowşurylýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň esasynda ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işi has kämilleşmek, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek işiniň kanunçylyk binýady barha berkemek bilen. Bu bolsa halkymyza gymmatly kagyzlar bazarynda täze mümkinçilikleri açýar.
Serdar HUDAÝGULIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik bölüminiň ygtyýarlylandyryş işine gözegçilik bölümçesiniň başlygy.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 1606.2021ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31540