Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllary içinde ýurdumyzyň himiýa senagatynda amala aşyrylýan işler dünýä bellidir. Bu ugurda gazhimiýa senagatynyň ösüşleri aýratyn ünsüňi çekýär. Ýurdumyz tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde iň öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ýagdaý Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň gazy tebigy çig mal görnüşinde dünýä bazarlaryna çykarmak bilen bir hatarda, işlenen himiki çig mal, şonuň ýaly-da tebigy gazy gaýtadan işlemekden alnan taýýar önüm görnüşinde eksport etmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Tebigy gazdan ilkinji gezek işlenen taýýar çig malyň alnyşy barada gürrüň edilende, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda, 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Gyýanlydaky Polimer zawody barada buýsanç bilen bellemek bolar. Şu ýerde zawodyň açylyş dabarasynda onuň enjamlaşdyrylyşy we öndürjek önüminiň hili barada güwänamalaryň birbada üçüsiniň gowşurylandygy buýsançly ýagdaýdyr. Olar: Germaniýanyň Julius Kühn institutynyň «Innowasiýa we tehnologiýa» boýunça sertifikaty we nyşany, ABŞ-nyň Enviromental Health Trust guramasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen sertifikaty we nyşany, Şweýsariýanyň Paul Scerrer institutynyň Energiýa ylmy-barlag guramasynyň «Durnuklylyk we netijelilik» boýunça sertifikaty we nyşanydyr.
Gyýanlydaky Polimer zawody «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda gol çeken Karary esasynda daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen bilelikde gurlup ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa döwletine guran resmi saparynyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp», «Hyundai Engineering» kompaniýalary we Ýaponiýanyň «TOVO Engineering Coorporation» kompaniýasy bilen üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Gyýanlyda Polimer zawodyny gurmak boýunça umumy bahasy 3 milliard 423 million amerikan dollaryndan gowrak bolan taslama durmuşa geçirildi. Bu amala aşyrylan taslama esasynda ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy işlemekden 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen çig malyny, ýagny gerdejiklerini öndürýän polimer zawody işe girizildi.
Bu öndürilýän polietilen we polipropilen gerdejikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda taýýar polietilen we polipropilen önümlerini öndürýän sarp edijilere taýýar çig mal hökmünde iberilýär. Polietilen çig malyndan häzirki wagtda dünýäde polietilen plýonkalary, polimer, suw, lagym, drenaž turbalary, elektroizolýasiýa materiallary, polietilen külkesinden termoýelim, tehniki enjamlaryň daşlary, öý hojalyk harytlary we beýleki durmuşda zerur önümler öndürilýär. Polipropilenden bolsa dürli haltalar, gaplar, turbalar, sapak, süýüm, plýonka, polipropilen listleri hem-de gurluşykda zerur materiallar öndürilýär.
Ýurdumyzda gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümler barada gürrüň edilende, Marydaky, Tejendäki, Lebapdaky, Garabogazdaky karbamid zawodlaryny, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody ýatlap geçmek bolar. Bu babatda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň alyp barýan döwrebap işleri has-da bellärliklidir. Konsern tarapyndan mineral dökünleriň önümçiliginde tebigy gazy çig mal hökmünde ulanyp, öndürilýän dürli görnüşli önümleriň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Karbamid mineral döküniň önümçiligini has-da artdyrmak boýunça yzygiderli işler, derwaýys taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamidi öndürmäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawody 2018-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi.
«Garabogazkarbamid» zawodynyň gurluşygy hem hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa guran resmi saparynyň barşynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ýaponiýanyň «Mitsubishi Coorporation» we Türkiýäniň «GAP Inşaat Ýatyrym we Dyş Ticaret» A.Ş.» kompaniýalar konsorsiumy bilen gol çeken Çarçuwaly ylalaşygy esasynda gurlup ulanylmaga berildi. Bu zawodda bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, bir ýylda 660 müň tonna sintetiki ammiak öndürilip, ol karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, bir ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürilýär.
Zawody gurmagyň taslamasyna Garabogaz şäherindäki köne gämi duralgasynyň durkuny täzelemek işleri hem girizilip, ol soňra zawodda öndürilen önümi suw ýoly arkaly Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ürgün ýükler terminalyna daşamaga we ol ýerden daşary ýurtly sarp edijilere ugratmaga mümkinçilik berdi. Zawod ABŞ-da, Italiýada, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Germaniýada öndürilen ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şu esasda tebigy gazyň bir ýylda 1 milliard kub metri ulanylýar. Zawodyň öndürýän önümi, esasan, eksport üçin niýetlenendir. Munuň özi ýurdumyza ägirt uly ykdysady girdejileriň — gyzyl pul serişdeleriniň girmegini esaslandyrýar.
Ýurdumyzda şular ýaly gurulýan häzirki zaman gazhimiýa toplumlarynyň önümçilikden zyňylýan zyýanly zyňyndylaryň Türkmenistanyň we halkara ülňüleriniň ýol berýän çäklerinden çykmaýandygyny bellemelidir. Bu ýagdaý Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hakda aýdylanda-da şeýledir. Bu zawod tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň dünýäde ilkinjisidir we häzirki wagtda ýeke-täkdir. Bu zawodyň öndürýän ekologiýa taýdan arassa benzin ýangyjynyň ýurdumyzda giňden ulanylýandygyny we eksport edilýändigini bellemek has ýakymlydyr. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň çig mal binýady bolmakdan dünýä ýurtlaryna taýýar ýokary hilli önümleri, harytlary eksport edýän gaýtadan işleýän senagat ýurduna öwrülmegine mümkinçilik döreden beýik döwürdir.
Goý, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Oraz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty.