Gazçylaryň üstünligi

Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri tebigy gazy durnukly çykarmak we gaýtadan işlemek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, aýma-aý önümçilik meýilnamalaryna hötde gelmekde tutanýerlilik görkezýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň birinji çärýeginde kärhanada alnyp barlan işleriň görkezijileri olaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Bu döwürde 544 million 375 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 121,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Netijede, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň bu möçberi sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy. 

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.