Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Gazbeton zawodynyň öndürýän önümlerine isleg barha artýar. Kärhanada şu ýylyň geçen dokuz aýynyň önümçilik görkezijileri hem oňa güwä geçýär. Agzalan döwürde kärhanada 14 million 140 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 105,8 göterim üpjün edilendigini görkezýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhanada jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlary, kärhanalaryň hem-de senagat infrastrukturasynyň desgalary üçin gazbeton önümleriniň önümçiligi bökdençsiz alnyp barylýar. Taslama kuwwaty gazbeton önümleriniň ýylda 144 müň kub metrini öndürmäge niýetlenen bu kärhananyň ýokary hilli, dürli göwrümdäki diwarlyk bloklary, ýylylyk saklaýjy önümleri hem uly islege eýedir. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri şu ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemek üçin iş depginini birjik-de gowşatmaýarlar.
Aýdo ŞEKEROW.
(Türkmenistan).