Gaz akdyryjylaryň gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bellenilen meýilnama laýyklykda bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmekde “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylarynyňam saldamly goşantlary bar.

Müdirligiň hünärmenleriniňdir işçileriniň agzybirlikli çekýän zähmeti arkaly ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilaty, şol welaýatlaryň çäklerinde ýerleşýän edara-kärhanalar tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär. Häzir bu önümçilik düzüminiň gazçylary şu welaýatlarda umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometr bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň, gaz sazlaýjy düwünleriň hemişe saz işlemegini üpjün edýärler.

Şu ýylyň geçen iki aýynda kärhana boýunça sarp edijilere bäş milliard üç ýüz million iki ýüz segsen ýedi müň kubmetrden köpräk tebigy gaz akdyrylypdyr. Müdirlige degişli ýokary basyşly gaz geçirijilerden häzir her gije-gündizde togsan bir million bäş ýüz togsan ýedi müň kubmetr gaz akdyrylýar.

Kärhana tarapyndan tebigy gazyň sarp edijilere hemişe meýilnama laýyklykda akdyrylmagynyň üpjün edilmegine müdirligiň gaz hasabaty bölüminiň hünärmenleriniň mynasyp goşandy bar. Olar ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly akdyrylýan gazyň hasabyny hemişe takyk alyp barýarlar. Bölümiň hünärmenleri müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň, sazlaýjy düwünleriň hemmesinde oturdylan gaz ölçeýji enjamlaryň, abzallaryň gurat hem takyk işlemegine gije--gündiziň dowamynda pugta gözegçilik edýärler. Şol enjamlaryň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň talaplaryna doly laýyk, saz, takyk, işlemekligi üpjün edilýär. Häzir kärhana boýunça tebigy gazyň sarp edilişiniň tomusky iş düzgünine geçirildi. Müdirligiň gaz paýlaýjy beketlerindäki, sazlaýjy düwünlerindäki gaz ölçeg abzallaryny we tilsimatlaryny hem hut şol iş düzgüne laýyk sazlamak işleri amala aşyrylýar.

— Ýurdumyzyň ýangyç energetika pudagynyň beýleki edara-kärhanalary bilen birlikde biziň kärhanamyza-da iň täze tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy işlerimiziň döwrebaplaşmagyna, barha öňe gitmegine ýardam berýär. Müdirligimiziň gaz paýlaýjy beketlerinden akdyrylýan tebigy gazyň hasabatyny ýöretmekde sanly ulgam ornaşdyrylandyr. Tebigy gazyň sarp edijilere bellenilen meýilnama laýyk akdyrylmagynyň üpjün edilmeginde gaz hasabaty bölüminiň işgärleriniň maksadalaýyk işleri alyp barýandyklaryny aýtmak gerek. Şu bölümde täze tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler zähmet çekýärler. Bölümiň başlygy Serdar Esengulyýew, uly ussa Toýly Ýazow, inžener meteorolog Yslam Orazow, barlag-ölgeç enjamlary we awtomatika boýunça inžener Çary Garýagdyýew köp ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän iň tejribeli hünärmenler — diýip, “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň baş inženeri Orazgylyç Gurbannepesow gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

SURATLARDA: gazçylaryň iş pursatlary.

Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/33979