Elektrik energetikasy ulgamy milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagy bolmak bilen, ýurduň beýleki düzümleriniň hem hereket etmegini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, energetika ulgamynyň uly artykmaçlyga eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ulgam diňe içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, şertnamalaýyn esasda, bellenilen tertipde goňşy döwletlere elektrik energiýasy hem eksport edilýär.
Elbetde, halkara jemgyýetçiligiň öňünde duran esasy meseleleriň arasynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler bolup, ol howanyň üýtgemeginiň hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak ýaly meseleler bilen özara berk baglanyşyklydyr. Bu wezipeleri netijeli çözmek we durmuşa ornaşdyrmak babatynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tutumly işler durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu halkara gurama bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy ylalaşylyp, göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýagny alternatiw hem-de energetika serişdeleriniň görnüşlerini ikilenç peýdalanmagyň gerimini giňeltmek, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň çäklerinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, kuwwatlylygy 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, uzakda ýerleşen sebitleri elýeterli we arassa energiýa bilen üpjün etmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we senagaty ösdürmek, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlaryna, howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygynda göz öňüne tutulan wezipelere ýetmek maksady bilen, milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň oňyn howa we geografiýa taýdan amatly ýerleşiş şertleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikler merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakdaky ilatly nokatlaryň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga we zyýanly gazlaryň tebigy gurşawa zyňylmagyny azaltmaga ýardam berip, Günüň hem-de ýeliň energiýasynyň ulanylmagy «ýaşyl» ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi. Bu Karardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredilip, onda ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri talabalaýyk alnyp barylýar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen, kuwwaty 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasynyň taslama işleri Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen bilelikde alnyp baryldy. Onuň çäklerinde merkezde işlenilip düzülen programmalar taslama işlerini çalt we ýokary hilli ýerine ýetirmekde giňden peýdalanyldy.
2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri esasynda energogurnawlar hünäri boýunça aspiranturany açmagy tabşyrdy. Bu merkeziň ähli işgärlerini çäksiz begendirdi we bu ugurdan alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine has hem jogapkärli çemeleşmäge borçlandyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň strategik milli bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin bäsdeşlige ukyply bolan öňdebaryjy düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, amaly ähmiýetli ylym we tehnologiýalar ulgamynda möhüm ylmy-tehnologik ugurlaryň we barlaglaryň hil taýdan täze derejesini döretmäge, ylmy-tehniki işiň netijelerini we täze döredilen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, innowasion senagaty, adam mümkinçiligini ösdürmäge, zehinli ýaşlary saýlap almaga we olary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamyna çekmäge giň mümkinçilikleri açar.
Milli ylym ulgamynyň kuwwatynyň güýçlendirilmegine, ylmyň ösüşine innowasion häsiýet berilmegine, dünýäde gazanylan ylmy netijeleriň giňden peýdalanylmagyna, olaryň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
Kakageldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.