Hormatly Prezidentimiz ýakynda «Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda garyşdyrylan mineral dökünleri öndürýän önümhanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada» Karara gol çekdi. Bu Karar oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň mundan beýläk hem köptaraplaýyn ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirjek işleriň uly toplumyndan habar berýär.
Mineral dökünler dürli mineral duzlar görnüşinde ýokumly maddalaryň hasabyna ösümlikleriň ösüşini gowulandyrýan hem-de topragyň hasyllylygyny artdyrýan serişdedir, olar öz düzümi boýunça bir ýokumly maddany özünde jemleýän (azot, fosfor, kaliý, mis we beýlekiler) ýönekeý hem-de öz düzüminde iki hem-de ondan köp ýokumly maddalary jemleýän toplumly görnüşlere bölünýär, olar taýýarlaýyş tehnologiýasy babatynda çylşyrymly, çylşyrymly-garyşyk we garyşyk görnüşlerinde bolýar. Mundan başga-da mineral dökünler ýokumly maddalaryň mukdar düzümi boýunça tapawutlandyrylýar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça netijeli çäreler yzygiderli geçirilýär. Konserniň garamagyndaky kärhanalarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän azotly, fosforly we kaliý dökünleri ýeterlik möçberde öndürilýär. Önümiň köp bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär.
Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. Ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmegiň meýilleşdirilmegi ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir. Şu maksat bilen Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Mälim bolşy ýaly, himiýa zawody pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup durýar. Fosfor dökünlerini öndürmekde örän möhüm hem-de zerur serişdäniň önümçiligi täze kärhananyň uly geljeginiň bardygyny we onuň girdejili boljakdygyny äşgär edýär. Kärhananyň tehnologiýa ulgamy doly awtomatlaşdyryldy we ol ähli ekologiýa howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramagyň ülňülerine laýyk derejede amala aşyrylýar.
Bagtyýar TAGANOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary.