Garaşsyzlyk — baky bagtdan ýeten ajaýyp peşgeş. Üç onýyllyk mundan ozal şöhratly pederlerimiziň arzuwlan döwlet Garaşsyzlygy bize özbaşdak ösüş ýolumyzy saýlap almaga, ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly türkmen nusgasynyň binýadyny goýmaga ýardam berdi. Indi özbaşdak ösüşiň 30 ýyllyk giň tejribesini toplan Türkmenistan üçünji müňýyllykda Ýer ýüzünde bedew bady bilen öňe barýan, durnukly ykdysady ösüşi gazanýan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli özgertmeler amala aşyryldy. Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletler hem-de dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlary, ykdysady we maliýe ugurly halkara guramalar bilen köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuş-ykdysady maksatly ençeme desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Ykdysadyýetimiziň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy we dokma senagaty ýaly strategik ugurlary ösdürildi.
Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz ekologiýa taýdan arassa ýangyjy dünýä bazarlaryna eksport etmegiň köpugurly düzümini üstünlikli kemala getirdi. Muňa mysal edip, ýurdumyzdan Hytaýa we Eýrana çekilen kuwwatly gaz geçirijileri görkezip bolar. Häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi şeýle taslamalaryň üstüni ýetirýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň taslamalary bolsa ýurdumyzyň energetika kuwwatyny sebitde energiýa howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirýändigini subut edýär.
Ykdysadyýetimiziň strategik ugry bolan ulag ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Tejen — Sarahs — Maşat hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýaly halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary durmuşa geçirildi. Kerki — Ymamnazar — Akina (2016-njy ýyl), Serhetabat — Turgundy (2018-nji ýyl) demir ýollary işe girizildi. Şol sanda ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Owganystan — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) hem-de «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgeleriniň taslamasynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýär.
Häzirki wagtda telekeçiligi ösdürýän ýurdumyzda hususyýetçilere yzygiderli döwlet goldawlary berilýär we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň synmaz kuwwatyna öwrülen türkmen telekeçileri durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatda ýurdumyzda iri düzüm bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi telekeçileriň 26 müňe golaýyny özüne birleşdirýär. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli bolan ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, daşary ýurtlara taýýar harytlary eksport edýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny göz öňünde tutmanda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy artyp, 70 göterime ýetdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygydyr. Şu jähetden, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle maksatlar bilen, gurluşyk pudagyna jemi 38 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2900-e golaýy ulanylmaga berildi. Bulardan başga-da, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň baş şerti. Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgamy strategik ähmiýete çykarmagy bilen, innowasion ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda netijeli özgertmeler amal edildi. Ýurdumyzda ösen sanly giňişligi kemala getirmek, milli ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmak arkaly, täzeden-täze önümçilikleri, hususan-da, ylmy-siňňitli önümçiligi ýola goýmak boýunça oňyn netijeleri gazanmak ugrunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly ulgamy ösdürmegiň 2018-nji ýylda tassyklanan konseptual resminamasyna laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary doly sanlylaşdyryldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmegiň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilýändigini görkezýär.
Statistik maglumatlara salgylansak, Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlandy. Milli ykdysadyýetimize gönükdirilen esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 140 milliarda golaýy (66,6 göterimi) önümçilik pudagyna gönükdirildi. Şu jähetden, häzirki wagtda ýurdumyz jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri senagat merkezi hökmünde tanalýan ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Muňa 2021-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzda içerki önümiň möçberiniň 6,2 göterim ýokarlanmagy güwä geçýär. Munuň özi milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli özleşdirilýändigini hem-de ykdysadyýeti ösdürmegiň türkmen nusgasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk tejribedigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwesi, ykdysady gudratydyr.
Jumamyrat GUTLYÝEW,
welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Boldumsaz etrap bölüminiň esasy hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.