Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady galkynyşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň netijesidir.  Bu günki gün ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň her bir pudagynda we Diýarymyzyň sebitlerinde oňyn görkezijileriň gazanylmagyna ýardam berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyz çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýän sebitden ösen industrial döwlete öwrülmäge tarap ugur aldy. Nebitgaz, maşyngurluşygy, elektron senagaty, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi, derman senagaty, dokma senagaty, gämi gurluşygy ýaly pudaklaryň düýbi tutulyp, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde asyrlara barabar ösüşler gazanyldy. Oba hojalygynda amala aşyrylan özgertmeler ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmäge we möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap, ýokary tehnologik kärhanalaryň işe girizilmeginiň netijesinde öndürilýän önümleriň hili kämilleşip, möçberleri artýar. Giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini ösdürmek we bu ugurda innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatyny halkymyzyň gyzgyn goldamagynyň netijesinde mümkin bolýar. 

                                                                   

Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşi nazarlaýan bedew batly özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilik maksatly desgalar — zawoddyr fabrikler bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, hassahanalar, şypahanalardyr saglyk merkezleri, aragatnaşyk, energetika we durmuş üpjünçiliginiň dürli düzümlerine degişli desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.   «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly möçberli maýa goýumlary goýbermek meýilleşdirilýär. Şeýle maýa goýumlar önümçilik desgalarynyň we durmuş ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegine we ösdürilmegine itergi berer. Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Resminama daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we olary netijeli özleşdirmäge, halk hojalygynda depginli ösüşiň mundan beýläk-de dowam etmegine, elektron resminama dolanyşygyna we sanly ykdysadyýete geçmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini nazarlaýar. Şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmaga, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiliginiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Salgyt, karz ýeňillikleri, maýa goýum işjeňligi, geografik taýdan amatly ýerleşiş ýaly şertler hem munuň üstüni ýetirip, ýurdumyzda oňaýly işewürlik gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna berk eýerýän hem-de milli bähbitleri nazara alýan daşary ykdysady syýasaty amala aşyrýar. Türkmenistan dünýäniň çar ýanyndaky döwletler bilen gatnaşyklarynda dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. 

                                                                   

Asyrlaryň dowamynda yklymlary biri-birine baglanyşdyryp, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegine uly itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzda bu günki gün uzak geljegi nazarlaýan iri ulag-logistika taslamalary amala aşyrylýar. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap düzümleriň döredilmegi, ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi, polat we awtoulag ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy, häzirkizaman deňiz, derýa, demir ýol, howa ulaglarynyň satyn alynmagy möhüm pudakda geljekki ösüşleriň binýadyny berkidýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda hususy eýeçiligiň ösdürilmegi boýunça işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, ykdysadyýetiň ösüşinde uly orny eýeleýän kiçi we orta telekeçiligiň goldanylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hususy işewürligiň ykdysadyýetde eýeleýän paýy örän ujypsyz bolan bolsa, häzirki döwürde jemi içerki önümiň 70 göterimden gowragy bu pudagyň paýyna düşýär. Hususy pudagy goldamak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, hususy eýeçiligiň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, salgyt ýeňillikleriniň döredilmegi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň täze belentliklere çykmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we maýa goýumlary çekmek boýunça işler dowam edýär. Soňky ýyllarda daşary ýurtly maýadarlaryň ýurdumyzyň ykdysady giňişligine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin degişli kanunçylyk kämilleşdirildi, birnäçe döwletler bilen maýa goýumlary höweslendirmek we goramak boýunça hökümetara ylalaşyklara gol çekildi. Şeýle çäreleriň netijesinde Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüneçekiji ýurda öwrülip, dünýäniň abraýly reýting agentlikleri tarapyndan durnukly derejelere mynasyp görüldi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady strategiýanyň rowaçlanmagy ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň dogrudygyny tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna uly üstünlikler, belent sepgitler bilen barýan Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň daşyna jebisleşen halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly üstünlikleri gazanyp, eşretli durmuşyň hözirini görýär. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.