Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!

Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi gözelligi we ajaýyplygy bilen ynsan kalbyna ylham hem-de joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn!

Watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlyk müňýyllyklaryň dowamynda milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirip gelýän enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp häsiýetleridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, milletimiziň abraý-mertebesiniň dünýä dolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň bu asylly häsiýetleriňiz ahlaklylygyň we gözelligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Bu mizemez häsiýetler nesillerimiziň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize milli buýsanjy, şu günümize çäksiz söýgini, röwşen ertirimize bolan beýik ynamy artdyryp, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýär.

Kämilligiň gözbaşyna, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjine öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däplerimizi dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarlar.

Hormatly zenanlar!

Geljegimiz bolan ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, durmuşa, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, merdana pederlerimiziň: «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen ýaly pähimlerinden ugur alyp, mähriban enelerimiziň, ähli zenanlarymyzyň nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýelemekdäki hyzmatyna ýokary baha berýäris. Olaryň Garaşsyz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmelerimiziň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän netijeli zähmetlerine çäksiz buýsanýarys.

Enelere, gelin-gyzlara hormat — türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbidir. Şu däpden ugur alyp, beýik özgertmelerimizi, iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlaryny nazara alyp, zenanlarymyzy «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýarys, mähriban enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys. Tutuş halkymyzyň, aýratyn hem, mähriban enelerimiziňdir gelin-gyzlarymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu çäreler agzybirligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Mähriban gelin-gyzlar!

Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiz tarapyndan zenanlara ýeňillikler berilýär, mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi üpjün edilýär. Bularyň ählisi mähriban zenanlarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuny barha ýokarlandyrýar.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýäris. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagy we olar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mähriban eneler!

Hormatly gelin-gyzlar!

Sizi bahar paslynyň ajaýyp baýramy — Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňiziň durmuşyňyzyň mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan bolmagyny, berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyza abadançylygy we bagtyýarlygy arzuw edýärin!

Goý, siziň güler ýüzleriňiz elmydama bahar ýaly nurana bolsun!


Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22576?type=feed