Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzy täze ýeňişlere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, senetçiligimiziňdir sungatymyzyň dürli görnüşleriniň halkara ykrarnamalaryna mynasyp bolmagy raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermekde, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan bilen dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi şanly wakalar boldy. Biz geljekde hem ÝUNESKO bilen medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam ederis.


Mähriban watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!


Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanydyr. Dutar ýasamak senetçiligini sungat derejesine ýetiren halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi. Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi. «Görogly» şadessany we beýleki dessanlarymyz, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Mollanepes, Mätäji, Magrupy ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň goşgulary esasynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun aldy.

Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Gulgeldi ussa, Kel bagşy, Hally bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Oraz salyr, Garadäli gökleň, Çowdur bagşy, Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow, Soltan Atanepesow, Pälwan bagşy, Öre şyh, Palta bagşy, Baýar bagşy, Nazar baga, Magtymguly Garlyýew, Bazar bagşy, Öwezmyrat bagşy, Juma Wellekow, Mustak Aýmedow, Nobat bagşy, Garly bagşy, Ödenyýaz Nobatow, Girman bagşy, Gurt Ýakubow we başga-da ençeme meşhur bagşy-sazandalarymyz türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşdular.

Biz häzirki döwürde halkymyzyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýäris.

Türkmen dutarynyň şirin owazlary berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň hem-de dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelerde, baýramçylyk dabaralarynda sungatyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, dutarda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň taryhy özgerişlerini giňden wasp edýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Sungat» binasynda türkmen dutarynyň sazlaşykly şekilleriniň goýulmagy owazasy arşa galan senedimize belent söýgimiziň özboluşly alamatydyr.


Hormatly watandaşlar!
Gadyrly dutar ussalary, bagşy-sazandalar!


Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.

Halkyň Arkadagly zamanasynda dutaryň şirin owazlary türkmen topragynyň abadançylygynyň, asudalygynyň şirin mukamy bolup, hemişe belentden ýaňlansyn dursun!


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW