Garabogaz: ykdysady diwersifikasiýanyň «altyn halkasy»

Ýollar — ýurduň ýaraşygy

Türkmenistan ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmekde we olaryň täzelerini döretmekde nusgawy işleri amala aşyrýar. Bu ýagdaý diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak bilen çäklenmän, onuň geosyýasy hem-de geoykdysady täsirleriniň ýokarlanmagyna, sebitiň ösüşinedir asudalygyna goşant goşmagyna şert döredýär. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak zerur: Türkmenistan geosyýasy, geoykdysady täsirlerini artdyrmak hem-de olary ösüşiň, parahatçylygyň we asudalygyň bähbitlerine ulanmak meselesinde özboluşly syýasy hem geografik aýratynlyklardan peýdalanýar. Olaryň ilkinjisi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolup, onuň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen wezipeleri, borçlary we mümkinçilikleri hiç bir döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan hem-de hiç bir döwletiň içerki işlerimize gatyşmagyna ýol bermezden, döwleti dolandyrmaga, halkara başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürmäge esas berýär. Şonuň bilen birlikde-de, halkara ähmiýetli tekliplerdir başlangyçlaryň hukuk esaslaryny döretmäge hem-de olary BMG-niň Baş Assambleýasynda tassyklatmaga şert döredýär. Bu ýagdaý parahatçylyk söýüjilikli tagallalary amala aşyrmakda Türkmenistan üçin häsiýetli aýratynlyk bolup durýar.

Ýurduň çäkleriniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, onuň yklymara geçelgeleri özünde jemleýändigi häzirki döwürde döwletimize ikinji bir artykmaçlygy berýär. Çünki dünýäniň ykdysady-söwda dolanyşygynyň şu güni hem geljegi üstaşyr ulag geçelgeleri, amatly hem tiz ýerine ýetirilýän logistik hyzmatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi döwletleriň hem halklaryň azyk garaşsyzlygyndan başlap, tas ähli ugurlarynadyr hyzmatdaşlygyna, asudalygynadyr ýaşaýyş derejelerine çenli täsir edýändigi bilen öz ähmiýetini has aýdyň ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara guramalaryň forumlarynda, ýokary derejeli duşuşyklarda eden çykyşlarynda bitewi halkara logistik ulgamy döretmek, döwlet serhediniň üstünden geçilýän nokatlarda gözegçilik-geçirişleri we gümrük barlaglaryny ýeňilleşdirmek, salynýan paçlaryň bitewi ulgamyny işläp düzmek we bu ugurdaky beýleki meseleler bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň netijesinde şu güne çenli ençeme oňyn netijeleriň gazanylandygy we dürli ugurlar boýunça ylalaşyklara gelnendigi nygtalmaga mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda, has takygy, 6-njy iýulda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garabogaz aýlagyna baryp görmegi we sebitiň ulag-logistik ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler bilen tanyşmagy Türkmenistanyň ýokarda agzalan meseleler babatdaky mümkinçilikleriniňdir bu ugurdaky başlangyçlarynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu ugurdaky işler bilen tanyşlygy Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän akabanyň üstünden geçýän köprüden başlamagy ulag-logistika pudagynyň ykdysadyýetdäki zeruryýetini we oňa döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Gürrüňi edilýän köpri ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, netijede, milli ykdysadyýetiň depginini ýokarlandyrmakda ähmiýetli orna eýedir. Çünki bu köpri diňe bir Garabogaz şäherine geçelgäni üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol Türkmenabatdan gözbaş aljak ýokary tizlikli awtobany, ýagny üstaşyr ulag geçelgesini goňşy hem dostlukly döwlet bolan Gazagystanyň ýollary bilen birleşdirmekde-de juda möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin-de milli Liderimiziň degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly beren tabşyryklary aýlagdaky tebigy serişdeleri himiýa senagatynda gaýtadan işlemek arkaly, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçirijilik ukybyny artdyrmakda we onuň ygtybarlylygyny gazanmakda möhüm ädimdir. Halkara bäsleşik esasynda durky täzelenjek bu ýoly Aşgabat — Türkmenbaşy aralygyndaky ýokary tizlikli awtoulag ýoluna birikdirmek bilen baglanyşykly çözgüt hem juda oýlanyşykly ädimdir. Sebäbi ol Gazagystan — Türkmenistan halkara ulag ugruny Owganystan, Pakistan döwletleri, şeýle-de Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen birleşdirer. Netijede, geljekde ol Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý — Hindistan — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan halkalaýyn awtoulag ýoluny emele getirer. Bu halkany demirýol geçelgesi babatda döretmekde-de eýýäm uly işler amala aşyryldy.

Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dünýäniň iň köp ilatly yklymynyň bazarlarynda öz ornuňy berkitmek, senagat kärhanalaryny döretmek arkaly, yklymyň ýaşlarynyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, sebitde hususyýetçiligiňdir hünärleriň täze ugurlaryny ösdürmek diýmekdir. Bu taslamalar degişli döwletleri halkara ulag geçelgeleri arkaly ilaty dünýä ilatynyň ýarysyndan-da köp sebitiň sarp edijileri we amatly işçi güýji bilen birleşdirmek diýmekdir. Ol munuň bilen hem çäklenmeýär. Ykdysadyýetiň islendik pudagyna degişli amala aşyrylan taslamalar şol ýurduň ylym hem bilim ulgamynyň ösmegine-de göni ýa-da gytaklaýyn täsirini ýetirýär. Sebäbi döredilen kärhanalar, gurlan zawod-fabrikler we beýlekiler ylymly-bilimli, sowatly hünärmenleri, olaryň täze ugurlar boýunça bilim almaklaryny talap edýär. Bu bolsa ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilimlerini ýokarlandyrmaklaryna we hünär eýeleri bolmaklaryna mümkinçilik döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, Gahryman Arkadagymyzyň goldawyna we başlangyçlaryna esaslanýan, ýurdumyzyň ägirt uly içerki hem-de daşary ýurtlardan çekilen maýa goýumlaryny özünde birleşdirýän bu taslamalar döwlet Baştutanymyzyň hemişe nygtaýşy ýaly, ösüş arkaly parahatçylyga, halklaryň asudalygyna, abadançylygyna, agzybirligine, medeniýetleriňdir dostana gatnaşyklaryň özara sazlaşykly ösmegine hyzmat eder.

Hazynalar aýlagy

Garabogaz şäherinde ýapon we türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply täze zawodyň gurulmagy bu ýerde himiýa senagatynyň häzirki zaman ösüşiniň başyny başlady. 2018-nji ýylda gurlup işe girizilen bu zawodyň önümleri häzirki döwürde dünýäniň iň geçginli harytlarynyň birine öwrüldi we olar tutuşlygyna diýen ýaly eksporta gönükdirilýär.

Karbamid önümçiligini ýola goýmaga niýetlenen bu häzirki zaman toplumy milli ykdysadyýetimizi çaltlandyrylan depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Zawodyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan hem-de barha depginli ösýän gazhimiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmakda täze tapgyryň başlangyjyna öwrüldi diýsek, ýalňyşmasak gerek.

Bir gije-gündiziň dowamynda 1 milliard kub metre golaý gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawody gije-gündiziň dowamynda 2000 tonna sintetik ammiak öndürmäge hem-de şonuň esasynda 3500 tonna karbamid işläp çykarmaga ukyplydyr. Gürrüňi edilýän zawodda öndürilýän karbamidiň düzüminde 46,2 göterim azodyň bardygy onuň bu ugurda dökünleriň arasynda iň ýokary görkezijä eýe bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa daşary ýurtly sarp edijileriň önüme bolan isleglerini has-da artdyrýar.

Elbetde, gürrüňi edilýän zawod sebitde senagat toplumyny döretmek ugrunda ädilen ilkinji ädim bolsa-da, aýlag gaýtadan işleýän himiýa senagatyny toplumlaýyn ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Çünki sebit Ýer ýüzünde senagat möçberinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde emele gelen, seýrek gabat gelýän künjekleriniň biridir. Taryhyny uzak geçmişden alyp gaýdan ylmy barlaglar aýlagy «altyn aýlag» diýip ykrar etdi. Şeýle bolansoň, sebitde bu ugurdan häzirki zaman kärhanalaryny gurmagyň we olarda ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň ýurdumyz üçin-de, sebit hem dünýä döwletleri üçin-de uzak geljegi bar. «Garabogazkarbamid» zawodynyň gurluşygynyň çäklerinde bu ýerdäki deňiz portunyň durkunyň doly täzelenmegi we oňa ýokary ýük göterijilikli gämileriň labyr taşlap bilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi-de şu maksatlardan gözbaş alýar.

Ýer ýüzüniň iň iri duzly howzy

Ylmy maglumatlar Ýer ýüzünde iň iri duzly howuz hasaplanýan Garabogaz kölündäki ylmy barlaglaryň 1700-nji ýyllarda başlanandygyny habar berýär. Uzak ýyllaryň, hatda birnäçe asyryň dowamynda geçirilen dürli ylmy barlaglar bu ýerde Mendeleýewiň tablisasyndaky elementleriň tas ählisiniň diýen ýaly bardygyny tassyklady. Bu bolsa kölüň gidromineral çig mal gory hökmünde ykrar edilmegine we dünýäniň ünsüniň aýlaga gönükmegine esas döretdi.

Taryhy maglumatlar natriý sulfatyndan başga-da, magniý sulfatynyň, hlorly magniniň, lukmançylyk glauber duzunyň, nahar duzunyň we dürli senagat pudaklarynda ulanylýan beýleki minerallaryň Garabogaz aýlagyndan ir döwürlerden bäri alnyp gelinýändigini görkezýär. Netijede, tas bir asyra golaý döwrüň dowamynda sebitiň tebigy çig mal serişdeleriniň hasabyna himiýa önümleriniň 10-dan gowrak görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Garaşsyzlygyň hem baky Bitaraplygyň berýän mümkinçilikleridir şertleri, şeýle-de ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwaty, geosyýasy hem geoykdysady üstünligi hazynalar aýlagyny ýene-de ösdürmäge şert döredýär. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sebitiň ösüşine we oňa içerkidir daşarky maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Garabogaz aýlagynyň mineral çig mal gorlarynyň geljekde-de toplumlaýyn ulanylmagy ýurdumyzda himiýa senagatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, bu ýerde gidrometallurgiýa senagatynyň döredilmegine badalga bolar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, aýlagda işleriň döwrüň talabyna laýyklykda ýola goýulmagy eksporty artdyryp, importyň möçberini görnetin azaldar, şonuň bilen birlikde-de, ekologiýa taýdan arassalygy, iň kämil tehnologiýalar arkaly gaýtadan işlenendigi üçin olaryň eksport ugurlaryny has ýokarlandyrar.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä, aýlagda çig malynyň bol mukdary bolan natriý sulfaty, bişofit, epsomit we magniý okisi dünýä önümçiliginde kosmos tehnikasyndan başlap, awiasiýadyr awtoulag önümçiligine, ösümlik işlerinden tä sabyn önümçiligine çenli dürli pudaklaryň 25-den gowragynda ulanylýar. Şundan ugur alnanda, üsti kümüş, düýbi altyn hasap edilýän Garabogaz aýlagynyň tükeniksiz baýlygynyň senagat önümçiliginde toplumlaýyn ulanylmagy Türkmenistan üçin strategik ähmiýete eýedir. Çünki döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, bu ýerde geljekde täze önümçilikleriň ýola goýulmagy döwletimiziň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmaga, biziň üçin heniz nätanyş senagat bolan reňkli metallurgiýa, gidrometallurgiýa we maşyngurluşygy ýaly geljegi uly täze pudaklaryň döremegine mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde sebitde ýod, brom we olardan alynýan önümleri öndürýän birnäçe desganyň gurlup işe girizilmegi ýokarda agzalan ugurlary we pudaklary döretmäge gönükdirilen başlangyç diýsek, ýalňyşmasak gerek. Täze önümçilikleriň işe girizilmegi bilen, eýýämden ýurdumyzda tehniki ýoduň öndürilýän möçberleri ep-esli artdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýeňil senagatynda maksatnamalaýyn esasda geçirilýän özgertmeler içerki bazarlary ýokary hilli ýerli harytlar bilen üpjün etmäge we olaryň bäsdeşlige kuwwatyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, eksportuň möçberlerini artdyrmaga şert döretdi.

...Ine, şu zatlar barada pikir öwürýärsiň welin, Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we ony sebitiň logistik merkezine öwürmek, ösüş arkaly parahatçylygy nusgalyk derejä çykarmak... ugrunda edýän tagallalaryna akyl ýetirýärsiň. Heniz doly açylmadyk syrly sandygy ýatladýan Garabogaz aýlagynyň baýlyklaryny şol ýerdäki deňiz portunyň, Türkmenistan — Gazagystan halkara awtoulag ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň, «Lapis Lazuli» awtoulag we demirýol geçelgeleriniň, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesiniň.... üsti bilen dünýä çykarmak babatdaky tagallalar geljekde ýurduň ykdysadyýetine goltgy berjek önjeýli güýçdür. Şeýle güýjüň emele gelmeginde milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň şu günki dowamaty hasaplanýan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça döredilen halkara geçelgeleriň-de paýy uludyr. Sebäbi bu ýollar Türkmenistanyň aýdyň geljegine uzaýan ýollardyr. Çünki bu ýollar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, halkymyzyň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan ýollardyr. Olar bizi we nesillerimizi ösüşiň hem özgerişiň, asudalygyň hem bagtyýarlygyň täze sepgitlerine alyp barýar. Ýollar mübärek bolsun!

Ysmaýyl TAGAN.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34331