Türkmende «Gep gepi açar» diýlen bir gadymy aýtgy bar. Ynha, şu ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň degişli ýolbaşçylarynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şonda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň, «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hereket edýän şertnamanyň çäginde işlemän duran, berýän önüminiň pesligi sebäpli, ýapylmagy göz öňünde tutulýan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak hem-de gaýtadan ulanyşa girizmek barada Goşmaça ylalaşyk baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy hakda aýdylanda, içimden «Ine, bu guwanarlykly, gutlarlykly işdir» diýenimi duýman galdym.
Ylalaşyk boýunça geçirilýän işleriň çäginde seýsmiki gözleg işleriniň netijesinde maglumatlaryň bir bitewi binýadynyň döredilmegi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasynyň düzülendigi hem-de gözleg guýularynyň 52-siniň düýbüniň tutulandygy hakyndaky täzelik göwün guşuňy perwazlandyryp goýbermeýärmi eýsem?!
Maslahatda «Tatneftiň» ýolbaşçysy Nail Maganowyň Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyndan garaşylýan görkezijiler barada aýdanlary halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has gowulandyrmak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň örän uludygy hakynda ýene bir gezek pikirlenmäge iterýär.
Ine, şeýle göwün göteriji täzeliklerden soň, ilki bilen-ä ýandepderçedäki ýazgylary gaýtadan okap, soňundanam kitap tekjelerini dörüp, ýurdumyzyň baş baýlyklarynyň biri bolan «gara altyn», onuň bilen ugurdaş çykýan, dünýäde «mawy altyn» diýlip arzylanýan tebigy gaz, olaryň taryhy hem senagat taýdan ösüşi hakdaky ýazgylary agtaryp, bu ugurdan «çorba sowadan» hünärmenler bilen gürleşip, pikir alşyp, göwün solpudan çykdym.
Belli alym, professor Öwez Gündogdyýewiň «Türkmenistanyň «gara altyny» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Nebitiň çykarylyşy hakda aýtsak, onda bu hünär türkmene gaty gadym döwürlerden bäri tanyşdyr. Bir mysal: olar biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda dünýäde iň gadymy dini — zoroastrizmi döretdiler, bu diniň mukaddes kitaby bolan «Awestada» «nebit» sözi «naft» görnüşinde gabat gelýär».
Başga bir kitapda bolsa ilkinji nebit almak işiniň 1859-njy ýylda polkownik Edwin Drýeýkym tarapyndan amala aşyrylandygy habar berilýär. ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň demirgazygynda, Kanada bilen araçäkde ýeriň ýüzüne çogup çykan gara suwuklygy ýüzlerine çalyp, şol ýere haýdan-haý demir ýol eltmegiň ugruna çykypdyrlar. Çünki demir ýol — ýurduň gan damary. Ol çig maly ýa-da taýýar önümi daşamagyň arzan hem ygtybarly usuly.
Soňlugy bilen şol ýatak dünýäde ilkinji gezek senagat taýdan özleşdirilen, öz döwrüniň ilkinji nebiti gaýtadan işleýän zawody bolup taryha girip gidipdir.
ХIII asyrda ýaşap geçen Muhammet ibn Najib Bekran «Jahannama» atly kitabynda Günbatar Türkmenistandaky, has anygy, Hazara golaý ýerlerdäki nebit känleri barada anyk agzaýar. Soňky ýazgylardyr maglumatlarda Çeleken hakda has kän gürrüň edilýär. Sebäbi ХХ asyryň başlaryna çenli nebit diňe şol ýerden çykarylypdyr.
Köne kitaplaryň gatlarynda hem-de ylmy ýazgylarda Hazar deňziniň gündogar kenaryna gyzyklanmanyň örän uly bolandygy hakda maglumatlar näçe diýseň duşýar. Meselem, gadymy taryhçy Pliniý Ulynyň (biziň eýýamymyzdan öňki I asyr) ýazmagyna görä, Parfiýa patyşalygyna degişli Astauen welaýatynda, ýagny Hazarýaka Türkmenistanda nebit akyp durupdyr. Sähelçe gazsaň, derrew çukury doldurýan, hatda ýeriň ýüzünde çogup duran nebitli ýerleriň bardygyny görenler haýran galypdyrlar. Goja taryhyň saralyp giden gatlaryndaky ýazgylar Hazar deňzine ýanaşyk ýerleriň «Hazarýaka sebitler» diýlip atlandyrylandygyny habar berýär. Zakaspiý topragynyň geografik taýdan öwrenilmegi bolsa Hazaryň türkmen kenaryndan başlanypdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky 282 — 285-nji ýyllarda şa Selewk I tabşyrygy bilen geograf Patrokl Makedoniýalynyň Hazar deňzine barlag gurandygy hakda maglumat bar.
1714-1715-nji ýyllarda Pýotr I-iň buýrugy boýunça A.Bekowiç-Çerkasskiniň ýolbaşçylygynda Hazaryň gündogar, has anygy, türkmen kenaryna ekspedisiýa guralýar. Soňra 1720-nji ýylda Karl fon Werdeniň we F.I.Soýmonowyň baştutanlygyndaky gidrografik ekspedisiýa tarapyndan Hazar deňzini öwrenmek has giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. XIX asyryň başynda I.F.Kolodkin tarapyndan gündogar kenaryň instrumental surata alyş işleri, şol asyryň ahyrynda N.A.Iwaşinsew tarapyndan instrumental-geografik çyzgy işleri ýerine ýetirilýär. 1866-njy ýylda N.M.Knipowiç tarapyndan Hazar deňziniň gidrologik gurluşyny we gidrobiologiýasyny barlamaga bagyşlanan ylmy-barlag ekspedisiýasy öz işini 50 ýyllap dowam edýär.
Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda bolsa akademik I.M.Gubkin we beýleki görnükli alymlar bu ýerde, esasanam, Çelekende nebit gözlemek, suw baýlyklaryny öwrenmek, deňziň gidrogeologik-tektonik aýratynlyklaryna gözegçilik etmek işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Knýaz Bekowiç-Çerkasskiniň ýany bilen Hazar deňziniň gündogar kenaryna gelen Kožin öz düzen kartasynda Balkan aýlagyny hem-de Nebitli adasyny şekillendiripdir. Çünki bu ýerlerden olaryň öz aýdyşy ýaly, «nebit açary» tapylypdyr.
ХIХ asyryň 30-njy ýyllarynda türkmenler nebit gazylyp alnyşyny artdyrýarlar. 1830-njy ýylda Lalaýew diýen harby adam Hazaryň nebitli guýulary hakynda şeýle ýazypdyr: «Ol ýerlerde Bakuwdakydanam has artykmaç bolan uly nebit guýulary bar. Ol ýere Eýranyň Gülýanyndan nebit satyn almak üçin gämiler yzy üzülmän ýüzüp gelýär».
Nebitiň 4 görnüşiniň bardygy, şeýle-de ozokeridiň baý gorlary hakda anyk maglumatlar berlipdir.
Türkmen nebiti hatda bu ülkeden alysdaky adamlaryňam agyzlaryny suwardypdyr. Şeýlelikde, bireýýämden bäri Bakuwda öz nebit şereketleriniň işini ýola goýan ýewropaly doganlar Lýudwig we Albert Nobeller 1874-nji ýylda 20 — 25 ýyllyk möhlet bilen Hazaryň kenarynda, anyk aýdanyňda, Çelekende nebitli ýerleri kärendesine alypdyrlar. 1876-njy ýylda Nobelleriň firmasy 37 metr çuňlukdan nebit çüwdüriminiň üstüni açýar. Bu firma el bilen nebit alynýan 164 guýyny hem-de 8 ýer bölegini kärendesine alyp, 3 sany buraw desgasyny oturdýar. Şol bir wagtda-da kerosin öndürmäge niýetlenen zawody gurýar. Ine, türkmen topragynda nebitiň senagat taýdan çykarylyşy şondan soň başlanýar. Şeýle-de dürli döwürlerde russiýaly işewürleriň 20-den gowragy kompaniýalaryny Hazarda bu baýlygy çykarmaga, işlemäge, daşamaga gönükdiripdirler. ХХ asyrda bolsa Hazarda nebit çykarylyşy köpçülikleýin häsiýete geçýär.
Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherindäki Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşyny ýatlasymyz gelýär. Şonda milli Liderimiz şeýle diýipdi: «Türkmen topragy nebite we gaza örän baýdyr. Häzir dünýäde meşhur Nobel baýragyny esaslandyran jenap Nobeliň özi Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky ýeriň ýüzünde toplanan nebiti ýygnapdyr we satmak üçin ugradypdyr».
Taryhy maglumatlara salgylansaň, 1917-nji ýyla çenli, nebit ýataklaryny burawlamak diňe Çelekende jemlenipdir. Nebitdag, Monjukly, Boýadag ýaly iri ýataklar eýýäm belli edilipdir.
1925-nji ýyla çenli nebit çykarylyşy ep-esli pese gaçanam bolsa, şondan soň onuň önümçiligi ýene-de janlanyp başlaýar. Has anygy, 1931-nji ýylda Nebitdagdaky 24-nji guýudan 3 sagatda 500 tonna nebit alnandygy, 1933-nji ýylda 13-nji guýynyň 18 gije-gündiziň dowamynda 110 tonna nebit berendigi hakda maglumatlar bar. 1948-nji ýylda Gumdag, 1956-njy ýylda Goturdepe nebit ýataklary açylýar.
Bir hakykata hökman ünsi çekmeli. Barha globallaşýan, şol bir wagtda-da senagat-industrial taýdan çalt öňe gidýän häzirki zaman dünýäsinde nebite we tebigy gaza isleg barha artýar. Dünýäde bu önümleriň bahasynyň barha ýokary galýandygy ilatyň hajaty hem-de diýseň depginli ösýän dürli önümçilikler bilen berk baglydyr.
Ynha, golaýda Rim şäherinde geçirilen «Uly 20-lik» atlandyrylan Bütindünýä forumynyň gün tertibiniň baş meselesi ýangyç-energetika hakda boldy. Bu forumyň işine dünýäniň 200 çemesi döwletidir kompaniýalary hut şu meselä dahylly bolandyklary üçin gatnaşdylar.
Şu ýerde bir telekeçi ýigidiň begene-begene aýdan sözlerini ýatlasym gelýär:
— Bizde 1 gektar meýdanly ýyladyşhanada önüm ýetişdirmek üçin tebigy gaza ýylboýy bary-ýogy 200 dollara ýeter-ýetmez töleg etseň, ýeterlik. Meniň muny dollarda agzaýanymyň sebäbi, daşa gidip oturman, hut goňşy ýurtlara barsaň hem meniň ýaňky aýdanymdan 40 — 50 esse köpräk dollar tölemeli. Arzan bilen gymmadyň gadyryny, onsoň, özüňiz degşirip görüberiň!
Muny eşidip, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň düýp mazmunyna has magat düşünýäň duruberýäň.
Şu ýerde ýene-de makalamyzyň başynda agzalan maslahat ýada düşýär. Şonda halkara hyzmatdaşlyk esasynda abatlanjak guýularyň önüm berijiliginiň ýokarlanmagy netijesinde alynjak nebitiň mukdarynyň häzirkisinden iki esse köpeljekdigi aýdyldy. Bu, elbetde, anyk maglumatlardyr dürs hasaplamalara esaslanýan täzelikdir.
Baku — Tbilisi — Jeýhan nebit geçirijisi häzir Hazardan hem-de onuň türkmen ýalpaklygyndan çykarylýan «gara altynyň» belli bir bölegini üstaşyr geçirýär. Bu ugur Gazagystandan başlanyp, Hazar deňzinden we Azerbaýjanyň içinden geçip, Ýewropa tarap uzaýar. Ýokarky aýdan ylalaşygymyz esasynda täze guýular abatlansa, gözleg işleri senagat taýdan täze desgalary gurmaga mümkinçilik berse, diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna akýan türkmen nebitiniň mukdary görnetin artar, diýmek, milli ykdysadyýet has galkynar.
Şu ýerde ýene-de has gyzykly deňeşdirmäni agzasyň gelýär. Nebit — bu diňe awtoulaga guýlup ulanylýan önüm däldir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Ýer ýüzünde ýasalýan dürli kysymdaky awtoulaglaryň tas ýarpysy plastmassa görnüşindäki plastik materiallardan durýar. Şolar bolsa diňe nebitden alynýar. Meselem, kaşaň ýeňil ulagyň içindäki «deri oturgyç» diýilýän zat aýynyň ýa-da gaplaňyň derisinden däl, «gara altyndan» ýasalan. Göreňde gözüňi gamaşdyrýan, oturaňda rahatlygy bilen meýmiredýän şol oturgyjyň örtügi hem sap nebitdendir. Elbetde, munda dünýäniň häzirki ylmynyň we tehnologik öňegidişliginiň ekologik taýdan diýseň ýakymly önümçiligini aradan aýyrmak bolmaz. Awtomobiliň tekerleriniň rezini diňe uglewodoroddan — nebit we himiýa önümçiliginden emele gelýär. Eger-de ýokarky zeruryýetlikler — önümçilikler üçin tokaý agaçlaryny ýa-da deňiz-derýalardaky, sähralardyr baýyrlyklardaky, jeňňellerdäki haýwanlaryň-jandarlaryň sütügini ulanmaly bolsak, Ýer togalagynyň ekologik taýdan nähili egbarlajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Häzir bolsa howanyň üýtgemegi, ekologik abadançylyk dünýäde iň wajyp, iň ynjyk meselä öwrüldi.
Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, Ýewropa ýurtlary 2020-nji ýylda 415 milliard kub metr tebigy gazy harçlan bolsalar, 2030-njy ýylda bu görkeziji 500 milliard kub metrdenem aşar. Bazar şony talap edýär. Biziň günlerimizde dünýäde, esasan-da, Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarda «mawy altynyň» müň kub metriniň bahasynyň 1 müň amerikan dollary töweregindedigi energiýa-ýangyja bolan islegiň nähili derejededigini magat görkezýär. Ine, şu nukdaýnazardan Ýewropa üçin türkmen tebigy gazynyň eksport edilmeginiň geljekde nähili möhümdigi äşgär görünýär duruberýär.
Türkmenistanyň ýerleşýän ýeriniň, tutuşlygyna diýen ýaly, şol bir wagtda-da Hazar deňziniň akwatoriýasynyň ýanaşyk bölegi nebiti we gazy agtarmak, gözleg işlerini yzygiderli ýaýbaňlandyrmak babatda dünýäde uly geljegi bar ýerlerdir.
Internet neşirlerindäki maglumatlara görä, häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 17 göterimi ABŞ-a, 12 göterimi Ýewropa Bileleşigine, 23 göterimi Hytaýa, 5 göterimi Hindistana degişlidir. 2040-njy ýyla çenli döwürde bu görkezijiniň ABŞ-da 13, ÝB-de 8 göterime çenli azalmagyna, Hytaýda 24 göterime çenli artmagyna, Hindistanda bolsa 2 esseden hem gowrak artyp, 11 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa türkmeniň «mawy altynyna» uly gyzyklanma bildirýän Hytaýyň hem-de Hindistanyň ýene sanlyja ýyldan dünýä energiýa bazarynyň üçden birinden gowragyny eýelejekdigini görkezýär.
* * *
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň «Haldor A/S» kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama bar.
Şulary agzanyňda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri ýada düşýär: «Türkmenistan öz energetiki resurslarynyň gorlary boýunça dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň bäşisiniň hataryna goşulýar. Biz nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýumlara degişli taslamalary amala aşyrmak, dünýäde toplanan iň oňat tejribäni we ylmy-tehniki progresiň gazananlaryny ulanmak arkaly önümçilik infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygy babatda öz gerimi we ähmiýeti boýunça ozal görlüp-eşidilmedik çäreleri amala aşyryp ugradyk.
Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, eýýäm 2030-njy ýylda ýurtda her ýylda gazyň öndürilişi 250 milliard kub metre, nebitiň çykarylyşy 110 million tonna ýetirilmelidir».
Berekediňe, baýlygyňa döneýin, türkmen topragy!
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48130