Ýüpek gurçugynyň ilki dörän ýeri Hytaý döwleti hasaplansa-da, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen ýurdumyza-da aralaşypdyr. Ene-mamalarymyz ýüpek gurçugyny idedip, ýüpek almagy başarypdyrlar. Ondan ussatlyk bilen nepis halylary, keteni we beýleki matalary dokapdyrlar. Şol harytlar bazarlarda uly orun alypdyr. Häzirki wagtda ene-mamalarymyzyň şol ýönekeýje gurallarda işläp öndüren önümleri dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan kärhanalarda, zawod-fabriklerde öndürilýär. Şeýle kärhanalaryň biri-de paýtagtymyzdaky ýurdumyzda iň öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýüpek fabrigidir. Habarçymyz kärhanada bolup, TDP-niň kärhanada hereket edýän ilkinji guramasynyň başlygy Ogulnur Repowa bilen söhbetdeş boldy.
— Ogulnur Saparmedowna, ilki bilen, söhbetdeşligimizi kärhanaňyzyň ilki işe başlan döwürlerinden başlaýsak?!
— Fabrigiň düýbi 1927-nji ýylda tutulyp, 1928-nji ýylyň fewral aýynda doly güýjünde işläp başlapdyr. Şol döwürlerde fabrikde SK-5 kysymly ýüpek saraýjy enjamlar oturdylypdyr. Şol enjamlarda göwrümi 1,2 metr bolan ýüpekler keleplenilipdir. Esasy çig mal bolan piläni öndürmekde hem halkymyz işjeňlik görkezipdir. Şol ýyllarda fabrikde öndürilen ýüpegiň hilini barlamak hem-de satlyga taýýarlamak üçin Daşkendiň ugurdaş fabriginiň barlaghanasynda barlag işleri geçirilipdir. Kärhananyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durky täzelenip, oňa Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan FEÝU-2000 kysymly ýüpek saraýjy enjamlar oturdyldy.
— Fabrigiň häzirki wagtdaky kuwwaty, işleriň guralyşy baradaky gürrüňler bilen söhbetdeşligimizi dowam etdiräýsek?
— Fabrigiň bir ýyllyk kuwwatlylygy 3 çalşykly işlän ýagdaýynda 260 tonna çig ýüpek öndürmäge niýetlenendir. Fabrikde önümçilik bölümleriniň 5-si bolup, olar pile saýlaýjy, buggazan, pile kelepleýji, ýüpegi gaýtadan saraýjy hem-de galyndyny gaýtadan işleýji bölümlerdir. Pile saýlaýjy sehinde pileler bir tapgyra jemlenip, tozandan, sütüginden arassalanyp, bölünip, ýüpek saramak üçin taýýarlanylýar. Saýlama işi titräp işleýän konweýerlerde amala aşyrylýar. Saýlanan pileler buggazan bölümine goýberilýär. Buggazan bölüminde pileler güýçli buguň, ýagny 90 — 96 gradus derejeli gyzgyn suwly kameralarda — gazanlarda çyglandyrylýar. Gyzgyn gazanlardaky pileler soňra 60 — 70 gradus derejeli suwda sowadylyp, gyzgynlygyň üýtgemegi bilen pileleriň suwda dolulyk derejesi düzgünleşdirilýär. Soňra bolsa plastik turbalar arkaly pile kelepleýji PK kysymly enjamlara ugradylýar.
Ýüpegi gaýtadan saraýan sehde çig ýüpek göwrümi 1,5 metr bolan motowillalara saralýar. Motowillalara saralan ýüpekler «kelep» diýip atlandyrylýar. Çig ýüpegiň her bir kelebi 6 ýerinden boýalmadyk nah sapak bilen berkidilýär we 5-6 kilogram agramda gaplanylýar. Galyndynyň gaýtadan işlenilýän sehinde bolsa pile keleplenende emele gelýän galyndylar gaýtadan işlenilip, 1-geçirimli holst, ýüpek tary, gyrkyndylar hem-de gurçuk alynýar. Galyndylaryň ählisi hem gyzgyn howa arkaly guradylyp, basyjy enjam arkaly basylyp, satlyga taýýar edilýär.
— Kärhanada häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada nämeler aýdyp bolar?
— Häzirki wagtda fabrik 1 çalşykda işläp, ýylda 76.2 tonna çig ýüpek öndürmek meýilleşdirilýär. Bu öndürilen ýüpek çig maly diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem mynasyp orun tapýar. Içerki bazarda esasy alyjymyz panbarhat fabrigidir. Kärhanamyzyň esasy maksady öňde goýlan meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek bilen girdejini artdyrmakdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine mynasyp goşant goşmakdyr.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy barha golaýlaýar. Baýramçylygy mynasyp zähmet üstünligi bilen garşy almaga çalyşýarys. Baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Bize işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzy bildirip, janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.