Ulag pudagy dünýäde globallaşma hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, durnukly ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşişiniň we mümkinçilikleriniň hasabyna milli derejede ösüşi üpjün etmekde geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär.
Ýurdumyz Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini, Demirgazyk — Günorta we Hazar deňzi — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan agzalan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, söwda-ykdysady mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmeklige bütindünýä ähmiýetli mesele hökmünde garaýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda kämil ulag infrastrukturasyny kemala getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda «Ulag howpsuzlygy hakynda», 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzda ulag babatda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn üns merkezinde saklanylýandygyny görkezýär. Açyklyk, bäsdeşlik, howpsuzlyk, ygtybarlylyk, elýeterlilik, ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bolsa Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Bu möhüm wezipeleriň birnäçesi soňky ýyllar Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn üns merkezinde durýan sanly ulgam we ony ornaşdyrmak bilen bagly işlerdir. Olar ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi öz içine alýar. Olaryň hatarynda sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri we IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly wezipeler bar.
Bulardan başga-da, şeýle möhüm tabşyryklaryň hatarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkara tejribesini giňden peýdalanmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň innowasion bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklary ýokary okuw mekdebimizde alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramaga uly itergi berer.
Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaşlaryň ylyma giňden çekilmegine, okuw we önümçilik işleriniň özara utgaşyklylykda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň talyp ýaşlaryň taýýarlaýan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeklige, ýokary okuw mekdebiň işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Talyplaryň multimodal ulag ugurlary boýunça ylmy işlere çekilmegi bolsa, ulag we beýleki birnäçe pudaklar babatda zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmäge ýardam eder. Munuň özi şeýle möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan düýpli işleriň çuňňur ylmy esasda amala aşyrylmagyna oňaýly täsir eder.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny üstünlikli amala aşyrmak, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin zerur bolan ýokary derejeli inženerleri ýetişdirmek boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işler örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek, netijeli işleri durmuşa geçirmek maksady bilen beren anyk tabşyryklaryny öz wagtynda we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ylym-bilim babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ylmy barlag işleri ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmäge, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ylmy çemeleşmeleri we esaslandyrmalary öňe sürmäge gönükdirilendir. Institutyň degişli kafedralarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy barlag işleri hem geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde «Demir ýol ulagynyň tehniki-ulanyş we ekologik görkezijilerini ýokarlandyrmak», «Türkmenistanyň ýolýaka hyzmatlary toplumynyň tehniki taýdan ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak», «Sanly tehnologiýalar esasynda ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly ylmy barlag işleri professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilýär. Olar ulag pudagynda depginli ösüşleri gazanmakda täzeçe ylmy çemeleşmeleri we çözgütleri hödürleýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýakynda institutyň binýadynda döredilen Ulag-logistika ylmy merkezinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Demir ýol ulaglarynda içerki gatnawlaryň tariflerini hasaplamagyň ylmy usulyýetini kämilleşdirmek» atly ylmy-barlag işini uly depgin bilen dowam etdirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň iş ýüzünde özara utgaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.