Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.
Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir.
Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasy barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň ähmiýeti nygtalýar. “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys” diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Gurultaýyň gün tertibi foruma gatnaşyjylaryň garamagyna çykarylýar. Gün tertibindäki meseleler biragyzdan tassyklanylýar.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýewe söz berilýär. Ol çykyşynyň başynda türkmen ýaşlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi bilen mähirli gutlady.
Guramanyň ýolbaşçysynyň çykyşynda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty babatda öňde goýan wezipeleri göz öňünde tutulyp, alnyp barylýan işleriň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Ý.Keriýew halkymyzyň erk-islegi nazarda tutulyp hem-de ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni işlere has giňden goşulyşmagyny, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilmegini gazanmak, ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň başlangyçlaryny goldamak maksady bilen, 2023-nji ýylyň şygarynyň ähmiýetini nygtap, onuň guramanyň agzalaryny täze üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty häzirki wagtda 900 müňden gowrak agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gurama ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan ýurdumyzdaky iri birleşmedir. Ýaşlar guramasy esaslandyrylan gününden, has takygy, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri sagdyn bedenli we ruhy-ahlak taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Gurama 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri öz agzalaryny jebisleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaş nesilde halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek guramanyň belent borjy we baş maksadydyr. Şeýle hem 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, möhüm, jogapkärli wezipeleriň toplumyny, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýalary bilen baglylykda, bu jemgyýetçilik birleşiginiň möhüm ugurlaryny kesgitländigi bellenildi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylygy, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, şahsyýeti kemala getirmegi goldamak, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak, telekeçilik ugurlary bilen birlikde ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmek wezipeleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertler döredilmelidir. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklady. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge ýardam berer.
Şular barada aýtmak bilen, gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşine gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrýandyklary, bu işlere ýaşlaryň çekilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen ýaşlarynyň bildirilen uly ynamy ödejekdiklerine ynandyrdylar.
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 125-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy B.Orazmämmedowyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgäri Ş.Daňatarowyň, Mary welaýatynyň Türkmengala şäherinden hususy telekeçi A.Nazarlyýewanyň gurultaýyň gün tertibiniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap” atly birinji meselesi boýunça eden çykyşlarynda “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilişi öz beýanyny tapdy.
Foruma gatnaşyjylar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Kanunda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamagyň hem-de telekeçiler tarapyndan döredilen, işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan we “ýaşlar kärhanasy” diýlip atlandyrylýan kärhanalara döwlet goldawyny bermek boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygy bellenildi. Mundan başga-da, bu Kanun bilen, bilim edaralaryny tamamlap, işe täze kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny tölemeginiň ýeňillikli tertibi kepillendirilendir. Şeýle-de Kanunda ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen, mekdep uçurymlary üçin harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek göz öňünde tutulan.
Halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermegiň, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dürli ýurtlaryň ýaşlar guramalary we abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde bilim, ylym medeniýet we beýleki ugurlar boýunça halkara agentlikler, gaznalar, guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýaşlar guramasynyň agzalary 26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak barada, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak, şeýle hem “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak barada beýan edilen başlangyjy uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.
Gün tertibiniň “Türkmen halkynyň Milli Lideri — bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti” atly ikinji mowzugy ara alnyp maslahatlaşylanda, ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde öňde goýan wezipelerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny belende galdyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýen sözleri ýaş nesliň wekillerinde uly buýsanç döretdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy T.Babaýewanyň, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Ataýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy H.Kadyrowanyň, Döwlet gümrük gullugynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji K.Baýgeldiýewiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby N.Ataýewiň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde goýan anyk wezipeleri we olary çözmäge taýýarlyk öz beýanyny tapdy. Çykyş edenler Milli Liderimiziň ýaş nesli terbiýelemekde gollanma bolan kitaplarynyň uly ähmiýetini nygtadylar.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Biz ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklarynda şu ýyl hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly işlemelidiris. Şanly seneleri, dürli dabaralary geçirip, birnäçe önümçilik maksatly we ýaşaýyş-durmuş ugurly desgalary ulanmaga bermelidiris. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň biridir” diýen sözlerini getirdiler.
Nygtalyşy ýaly, Ýaşlar guramasy öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, öz işiniň netijeliligini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň gazanan uly üstünlikleri ýaşlary döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Aýry-aýry çykyşlarda bolsa mähriban Watanymyza bagyşlanan goşgular okaldy.
Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de biragyzdan kabul etdiler. Bu jemgyýetçilik guramasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerini göz öňünde tutýar. Şeýle-de degişli Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Soňra guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Şu gezekki forum türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, Watanymyzyň röwşen geljeginiň hem-de täze taryhy eýýamyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň bähbidine döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşýändiklerini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Nobatdaky gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ýaşlar barada edilýän hemişelik alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, döredijilik gözlegleriniň, netijeli çözgütleriň we täzeçil çemeleşmeleriň ýaş nesilleriň işinde esasy ýörelgeleriň boljakdygyny, Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, onuň welaýat, etrap we şäher bölümleriniň öňdebaryjylarynyň — ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň öz güýçlerini, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.
Forumyň ahyrynda ýygnananlaryň öňünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem-de Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň artistleri çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalarynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň çuňňur watançylyk duýgulary, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmaga taýýardyklary beýan edildi.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda şanly waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Aşgabatdaky diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu döredijilik çäresiniň hormatly myhmanlary boldular.
Konsertde halk aýdym-sazlary bilen birlikde häzirki zaman meşhur aýdymlar, tans kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden we beýik özgertmeler eýýamynyň nyşanyna öwrülen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym bilen jemlendi.