Eziz Watanymyz ösüşlere beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi halklary dostlaşdyrýar, dünýäde parahatçylygyň has-da pugtalanmagyna ýardam edýär. Şunda baky Bitaraplygymyzyň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemelidiris.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Elbetde, baky Bitaraplygymyzyň bu ýörelgeleri diňe bir içerki ösüşiň geljegini kesgitlemän, eýsem, olar ýurdumyzyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny hem öz içine alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, uly özgertmeleri geçirmäge girişdi. Şeýle beýik işler ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem üstünlikli durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriban okuwçylarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň durmuşyň iň eziz we süýji pursatlary bolan bilim alýan döwründe Watany söýmek, dost-doganlyk, jebislik ýaly ajaýyp häsiýetleri, tutanýerliligi we erjelligi bilen üznüksiz okamagy, täze bilimleri özleşdirmegi, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy zerurdyr» diýip belleýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak biziň baş wezipämizdir.

Başlangyç bilim döwründe ähli okuwçylaryň kompýuter bilen üpjünçiligi gazanyldy. Bu bolsa öz gezeginde başlangyç synp mugallymlarynyň usuly çemeleşmelerini-de baýlaşdyrýar. Her bir okuwçynyň öňünde kompýuteriň bolmagy bilen, mugallymlar öz sapaklaryny innowasion usullarda guramaga mümkinçilik gazandylar. Şeýle çemeleşmeler biziň şu günki bilim ulgamymyzda durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmelere — sanly bilim ulgamyna geçilmegine düýpli esasdyr. Şeýle esasyň döredilmegi bolsa döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiliginiň, ýaş nesil babatyndaky bimöçber aladalarynyň netijesidir.

Bilim geljekki ösüşlere badalgadyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň diňe bir şu güni däl, eýsem, ertiri üçin hem uly tagallalary edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň barha belentlikleri nazarlaýan we ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilim özgertmeleriniň geljekki müňýyllyklara tarap uzap gitjek möhüm ädimlerinde beýik üstünlikleri gazanmagy ýaş nesliň çuňňur bilimliligine, geljege bolan ynamyna, okamaga, zähmet çekmäge, döretmäge bolan höwesine köp derejede baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan ýurdumyzda beýik ösüşler gazanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Öwezdurdy HOJATOW,

Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24598