Eziz Diýarymyzyň buýsançly ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli we umumadamzat ruhy-medeni gymmatlyklar jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň sazlaşykly hem-de ygtybarly ösüşlerini kesgitleýän esasy ölçeglere öwrüldi. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky toplan durmuş tejribesine daýanmak bilen, özboluşly ruhy däplerimizi ösdürýär. Biz onda jemgyýetimizi ählitaraplaýyn kämilleşdirmek arkaly ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertini görýäris. Häzirki taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini we halkymyzyň mynasyp ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynda milletiň ýokary medeniýeti, durmuş eşretleri hem-de ösüşi giňişleýin beýanyny tapýar.

Häzir Türkmenistan ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze senagat kärhanalary, şol sanda täze enjamlar bilen üpjün edilen uglewodorod we oba hojalyk çig mallaryny gaýtadan işleýän kärhanalar yzygiderli gurulýar. Gazgeçirijiler we awtomobil ýollary çekilýär, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesi bina edildi we bina edilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Watanymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze gurlan şäherçeler we obalar peýda boldy. Köpsanly döwrebap binalar we dürli maksatly desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary, söwda, sagaldyş-dynç alyş merkezleri hem-de beýlekiler gurlup, ulanmaga berilýär. Mermer paýtagtymyz Aşgabat has-da gözelleşip, sebitiň hakyky merjenine, halkymyzyň göz-guwanjyna, buýsanjyna öwrüldi. Täze binalar ýurdumyzy özgerdip, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlydygyny aýdyň beýan edýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň kuwwatly senagaty emele geldi we ýokary depginler bilen ösdürilýär. Şeýle guwandyryjy ösüşler ylmyň we tehnikanyň önümçilige ornaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň giňişleýin ulanylmagy, pudak düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy senagat taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika, ulag ulgamlarynda, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalarynda, dokma senagatynda hem-de beýleki pudaklarda döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sözüň doly manysynda eziz Diýarymyz ykdysady taýdan hem, tehnologik taýdan hem täze mümkinçiliklere we ösüşiň belent sepgitlerine eýe boldy.

Eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Gülälek GULJANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48943