Eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Häzirki ajaýyp döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Maksatnamanyň amala aşyrylmagy pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

Bu döwletli Maksatnama şu ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitara maýa goýum maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň we şu ýyl üçin göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy we möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, bu ugurda sebitara ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda juda ähmiýetlidir. Şunda amala aşyrylýan işjeň maýa goýum syýasaty senagat we medeni maksatly desgalaryň — köp sanly kärhanalaryň, zawod-fabrikleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, obalaryň we şäherleriň gurulmagyna ýardam eder. Durmuş ulgamyny ösdürmäge uly möçberli serişdeleriň gönükdirilmegi bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiziň belent maksatly başlangyçlary beýik işler bilen rowaçlanýar. Şeýle rowaçly işler bolsa her birimizi tutanýerli işlemäge, üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Hudaýguly JUMAÝEW,

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň müdiri.