«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylara

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
 

                                                                   

Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda halkara derejede festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy kemala getirmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň şu günki gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, giň halkara medeni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzy, senetçilik, ussaçylyk däplerimizi, amaly-haşam sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, halkara derejedäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. 

                                                                   

 Hormatly senetçiler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary!
Gadyrly dostlar!
 

                                                                   

Çeper döredijilik we sungat ynsan kalbynyň paýhasydyr, gudratydyr. Sungatyň güýji adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar. Sungat derejesine göterilen çeper döredijilik işlerine adamzat nesli hemişe tagzym edip gelýär. Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlygydyr, şöhratydyr. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem-jahana ýalkym saçýar. «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu festiwal türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligini, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur bolan amaly-haşam sungatyny dünýä çykarmaga täze badalga berer. 

                                                                   

Gadymy türkmen topragy deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Dünýä ýaň salan Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Merwde, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda senetçiligiň, ussaçylygyň, amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, kämil görnüşleri ýüze çykypdyr, adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Biz şöhratly taryhymyzda orun alan senetçiligimiziň we milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna örän buýsanýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly festiwalyň dowamynda geçiriljek sergileriň, ylmy-amaly maslahatyň, milli lybaslaryň görkezilişiniň, daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň bu halkara çäräniň many-mazmunyny baýlaşdyrjakdygyna, ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! 

                                                                   

Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, senetçilikde we amaly-haşam sungatynda uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.