Eşretli geljegiň binýady

Düýn hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda dokma pudagy bedew bady bilen öňe barýar. Paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we obalarymyzda döwrebap täze dokma toplumlarynyň, önüm öndürýän dürli kärhanalaryň gurulmagy hem-de olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde ýokary hilli dokma önümleri öndürilýär. Şol toplumlarda we kärhanalarda ýaş hünärmenleriň işlemegi we tejribe toplamagy bolsa bu pudagyň has-da ösjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dokma toplumynda görlüp-eşidilmedik derejede ýokary netijeler gazanyldy. Pederlerimiziň «Dokma darak — halal senet» diýip söýgülän dokmaçylyk käri «Arassa gözbaşly, nanly-aşly» ýaly gadymy aýtga mynasyp bolan hünärdir. Gapysy bedew atly, töri haly-ganatly halkymyz dokma-daragyň gudratyndan egsilmeýän mähir-muhabbete, tükeniksiz gujur-gaýrata, dünýä içre dolan şan-şöhrata eýe bolupdyr.

Pagta hasylynyň ýygnalyp, taýýar önüm hökmünde alyjylara ýetirilmeginde esasy araçy bolup hyzmat edýän dokma toplumyna degişli kärhanalaryň häzirki wagtda ähmiýeti örän ýokarlandy. Indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň çäklerinde müşderilere hyzmat edýän, başga döwletlerde taýy bolmadyk Aşgabat dokma toplumynyň dükanlary halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Soňky ýyllaryň dowamynda dokma önümleriniň hili we möçberi, görnüşleri has-da kämilleşdirildi. «ADT», «Goza», «Bedew», «Ýeňiş», «Gala» we başga-da birnäçe haryt nyşanlary bilen alyjylara hödürlenýän dokma önümleriniň söwda nokatlarynyň sany barha artýar. Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipesidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Muny Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlup, ulanmaga berlen dokma toplumynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatyny artdyrmaga-da mümkinçilik berer. Arassa tebigy süýümden, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden bolan ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary, iň kämil tehnologiýalary peýdalanmak bilen taýýarlanyljak bu önümlere halkara bazarlarynda hem sarp edijilik islegleriniň ýokary boljakdygy ikuçsuzdyr. «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly bu önümleriň dünýä bazarlarynda öňdebaryjy brendli harytlaryň hatarynda mäkäm orun aljakdygyna ynamymyz örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde amala aşyrýan bimöçber işleriniň netijesinde dokmaçylygyň gadymy mekany hasaplanýan Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy belende göterilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap dokma kärhanalarymyzda pagta we ýüpek süýümlerinden öndürilýän, ynsan saglygy üçin juda peýdaly bolan dokma önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ir döwürlerden bäri dokmaçylyk sungaty bilen adygan halkymyzyň rysgal-berekediniň barha artyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38472