2021-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda iktaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bu duşuşygyň dowamynda, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti we ony mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler, şeýle hem hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman, özüniň täze wezipä bellenilendigi bilen bagly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň onuň üçin uly hormatdygyny we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini nygtady. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Ermenistany soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi.
Duşyşygyň ahyrynda Ministr Muhammetgeldi Serdarow we Ilçi Ruben Harazýan birek-biregi ýetip gelýän täze 2022-nji ýyl bilen mähirli gutladylar we birek-birege jan-saglyk alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw etdiler.Duşuşyk hoşniýetlilik ýagdaýda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň köpsanly döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi