Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri hökmünde Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde möhüm orna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamy düýpli ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň şeýledigine Balkan welaýatynda amala aşyrylan we dowamat tapýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mundan bary-ýogy birnäçe ýyl öň, Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasy gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şonuň yzysüre bolsa welaýat merkezindäki öň hereket edýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze gurlan energobloklaryň birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde, bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdyryldy. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylyp, täzeden enjamlaşdyrylmagy bilen bolsa tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri has-da artdyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden «Balkan welaýatynyň birnäçe etraplaryny durmuş-ýaşaýyş taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, welaýatda bu ulgamda il-ýurt bähbitli işleriň ýene ençemesiniň amala aşyrylmagy günbatar sebitiň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Aslynda, elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçilik eşretli ýaşaýşyň möhüm şertidir. Geçen ýylyň 9-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga bermegi hem bu möhüm ulgamyň kuwwatynyň barha artýandygyndan nyşandyr. Dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan täze energiýa desgalarynyň işe girizilmegi bilen, geljek ýyllarda Balkan welaýatynda toguň öndürilişi has hem artar. Çünki islendik önümçiligiň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegi döwrüň möhüm talabydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, diňe bir öz ýurdumyzy elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen çäklenilmän, eýsem, ony eksport etmäge gönükdirilen taslamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Balkanly energetikler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, tutuş ýurt derejesinde ählihalk tarapyndan toýlanýan hünär baýramlaryna hem mynasyp sowgatlary bilen geldiler. «Balkanenergo» önümçilik birleşigimiz boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda 43 million 755 müň manatlyk elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görülýän döwürde birleşigimiz boýunça gazanylan ýokary ykdysady görkezijiler başga-da az däl. Şu ýylyň gürrüňi edilýän ýanwar — awgust aýlarynda önümçilik birleşigimiz boýunça öndürijilerden kabul edilip, sarp edijilere üstaşyr geçirilen elektrik energiýasynyň möçberi millionlarça kilowat-sagada ýetdi. Diňe bir «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasynda geçen sekiz aýda 705 million kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmek baradaky meýilnama 110 göterime barabar amal edildi. Bu ugurda Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynda gazanylan üstünlikler hem öwgä mynasypdyr. Hasabat döwründe elektrik desgalaryny we geçirijilerini düýpli abatlamagyň meýilnamalaryna hem artygy bilen hötde gelindi. Gazanylýan üstünliklerde birleşigimiziň welaýatyň etrapdyr şäherlerindäki düzümlerinde yhlasly zähmet çekýän aýry-aýry işgärleriň hem mynasyp paýy bar. Olardan Balkanabat şäher elektrik ulgamlarynyň dispetçeri, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Sapargeldi Nepesowyň, Serdar elektrik ulgamlary kärhanasynyň elektromontýory Söýün Kütiýewiň, Gumdag şäher elektrik ulgamlarynyň ussasy Aşyrguly Haladowyň, Türkmenbaşy elektrik ulgamlary kärhanasynyň dispetçeri Durdy Hojaýewiň, 35 kw we ýokary elektrik geçiriji howa ulgam gullugynyň elektromontýory Dmitriý Aksýutiniň, Esenguly etrap elektrik ulgamynyň elektromontýory Begenjaly Amanalyýewiň, transformator beketleri gullugynyň ussasy Ýegenmämmet Begjanowyň, Etrek etrap elektrik ulgamynyň elektromontýory Benni Benniýewiň we beýlekileriň atlaryny görkezmek bolar. Hünärmenlerimiziň öndürijilikli işleýişleri ýaly, olaryň medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri barada-da yzygiderli alada edilýär. Diňe bir şu ýylyň başyndan bäri önümçilik birleşigimiziň Balkanabatdaky «Energetik» şypahanasynda ýeňillikli ýollanmalar esasynda döwrebap dynç alyp, saglyklaryny dikelden işgärlerimiziň sany 350-den hem geçýär.
Gaýratly işleri bitirip, ilata nur paýlamak bagtyna eýe bolan ýurdumyzyň energetika ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga hem-de bize döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Çary TAÝLYÝEW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40138