27-28-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. Maslahat halkara guramalaryň, dünýäniň 32 döwletinden halkara kompaniýalaryň, şeýle hem energetika guramalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň işine 400-den gowrak adam gatnaşdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda bu iri çärä gatnaşyjylaryň käbirleriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Mohammed Sanusi BARKINDO,
Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary:
— Türkmenistan uglewodorod gorlary boýunça dünýäde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň nebitiniň we gazynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda amala aşyrýan syýasaty we şahsy tagallalary bu gün halkara guramalar, sarp ediji döwletler tarapyndan uly goldaw tapýar. Şonuň üçin-de, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEC) Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we ony has-da berkitmäge uly isleg bildirýär.
OPEC özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça, ilkinji nobatda, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berýär. Şu nukdaýnazardan, siziň ýurduňyz bilen ýola goýan hyzmatdaşlygymyzda heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriň köpdügine ynanýaryn. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan oýlanyşykly ykdysady syýasat netijesinde, ýokary depginli ösüşe eýe boldy. Bu ösüşde ýurduň nebitgaz senagatynyň-da orny uludyr.
Çaklamalara görä, nebit energetiki deňagramlylykda öz agalyk ediji ornuny saklap galar. 2045-nji ýyla çenli dünýä boýunça nebit energiýa çeşmelerine bolan islegiň 28 göterimini kanagatlandyrar. 2020-nji ýylda nebite bolan ählumumy isleg gündelik 90,6 million barreldi, bu görkezijiniň 2045-nji ýylda 108,2 million barrele çykjakdygy çak edilýär. OPEC-niň çaklamalaryna görä, bu döwürde gaza bolan isleg hem artar. 2020-nji ýyldan 2045-nji ýyla çenli aralykda tebigy gazyň sarp edilişi 21,6 million barrel artar. Bu bolsa 2045-nji ýylda gaza bolan umumy islegiň gündelik 85,7 million barrele ýetjekdigini aňladýar. Bu görkezijiler dünýäniň nebitgaz bazarynda Türkmenistanyň öz ornuny barha berkitjekdigini we ýokary täsire eýe boljakdygyny görkezýär.
Hou SISZÝUN,
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) kompaniýasynyň prezidenti:
— Türkmenistan kompaniýamyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmen bazary we ýurduň energetika pudagy özara bähbitli, ynanyşmaga daýanýan gatnaşyklar üçin uly mümkinçiliklere eýe. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti nebitgazly ýataklary özleşdirmek, bu ugurda häzirki zaman desgalaryny gurmak bilen baglylykda, kompaniýamyza uly ynam bildirdi. Netijede pudagyň ösdürilmegine, onuň eksportyny artdyrmaga, degişli desgalary gurmaga mynasyp goşandymyzy goşduk.
Bu gün Türkmenistan gaz bazarynda Hytaý Halk Respublikasynyň iň uly hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtda şeýle hyzmatdaşlygy köpugurly häsiýete öwürmekde düýpli hem oýlanyşykly işler amala aşyrylýar. Bu işler sebitde we yklymda energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Energetika howpsuzlygy bolsa ählumumy durnukly ösüşiň girewidir.
Biz geljekde-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etmegi we ony has-da berkitmegi maksat edinýäris. Türkmen bazarynda iş alyp barmaga we maýa goýmaga döredilen amatly şertler üçin jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýärin.
Tim GULD,
Halkara energetika merkeziniň energetika boýunça baş ykdysatçysy:
— Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga, olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine merkezimiz ýokary baha berýär. Biz bu babatda Türkmenistanyň sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýändigini, pudakda anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrandygyny hem aşyrýandygyny bilýäris we olary goldaýarys.
Türkmenistanyň sarp edijileri energiýa çeşmeleri bilen üznüksiz üpjün etmek, täze bazarlara ornaşmak, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda ýöredýän syýasaty orta hem uzak geljegi nazarlaýan paýhasly syýasatdyr. Bu babatda Hazarüsti gaz geçirijini gurmak meselesiniň öwrenilýändigi hem-de taslamanyň üstünde işlenilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Taslamada ähli babatda ylalaşyga gelnip, ol amala aşyrylan ýagdaýynda, Merkezi Aziýadan Ýewropa «mawy ýangyç» akdyrylar. Netijede, bu energiýa geçirijisi arkaly Türkmenistanyň gaz ýataklaryny bitewi ulgama birleşdiren «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisi Azerbaýjanyň we Gruziýanyň energetika düzümi bilen birleşdiriler hem-de bu babatda esasy sarp ediji hasap edilýän Ýewropa döwletlerine akdyrylar.
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şu günki çäräniň esasy maksatlarynyň biridir. Biz Türkmenistanda nebitgaz toplumyna gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki işleriň ýylsaýyn artjakdygyna ynanýarys. Bu gün Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklamaga, ýurduň esasy pudaklaryna maýa goýmaga isleg bildirýän halkara kompaniýalar bir ýa iki däl. Bu — ýurduň şu gününe we geljegine bolan ynamyň alamaty. Ol türkmen döwletiniň ykdysady durnuklylygyndan habar berýär.
(Ýörite habarçymyz)
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45047