Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, elektroenergetika pudagy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, bu pudaga dünýäniň kämil tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrylýar. Elektroenergetika pudagynyň barha kämilleşdirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we döwrebap ösüşlerini üpjün etmäge uly ýardam berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, häzirki wagtda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara möhüm ähmiýet berýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň her biri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendir. Elektroenergetika pudagy hem ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem bu pudagy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Esasan hem bu ugurdan işleýän hünärmenleriň döwrebap bilimlerden habarly bolmaklary üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna we ösmegine uly ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynda önümçilik meýilnamalary artykmajy bilen ýerine ýetirilip, içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň energetikleri täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryny öndürijilikli dolandyryp, elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Mähriban Watanymyzyň energetikleriniň ýurdumyz boýunça elektrik energiýasyny öndürmekdäki saldamly goşantlary uludyr.
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýene 2000 talyba bilim we terbiýe bermek üçin goşmaça okuw binalarynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, hil taýdan täze derejä çykarmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmegiň çäginde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, geljekde elektroenergetika pudagynda işlemäge ukyply, başarjaň, ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzyň energoulgamynyň dürli böleklerini özara ätiýaçlandyrmakda, halkalaýyn energoulgamyny emele getirmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça beýik özgertmelere beslenmegi ugrunda taýsyz tagallalary amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Arslan GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.